Tramp Owal otagynyň geljekki prezidentler tarapyndan üýtgedilmegine gadaganlyk girizdi

Şu gün, 11:102,280
1 / 3

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň geljekki prezidentleriniň Ak tamyň Owal otagyny (Oval Office) üýtgetmeklerine garşydygyny bildirip, bu ýagdaýa çäklendirme girizdi. Ol özüniň tassyklan düzgünleriniň Kongres tarapyndan hem makullanmalydygyny belledi.

Trampyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Ak tamyň Owal otagy taryhy ýadygärlik hökmünde ykrar ediler. Geljekde ABŞ-nyň prezidentleri bu otagda düýpli üýtgetmeleri diňe Kongresiň rugsady bilen amala aşyryp bilerler.

«Bu düzgün Owal otaga we Ak tamdaky Prezident kabinetiniň mejlisler zalyna degişlidir. Bular örän möhüm otaglar. Men olaryň geljekde hem taryhy ýadygärlik hökmünde goralyp saklanmagyny göz öňünde tutýan resminama gol çekýärin» diýip, ABŞ-nyň Prezidenti žurnalistlere beren beýanatynda aýtdy.

Trampyň bellemegine görä, resminamalaryň degişli işleri tamamlanandan we olar kanuny güýje eýe bolandan soň, bu otaglary ýykmak ýa-da ýok etmek gadagan bolar.

Prezident tassyklan düzgünleriniň entek Kongres tarapyndan hem makullanmalydygyny aýtdy. Onuň aýdyşy ýaly, bu talap güýje girenden soň, otaglaryň durkuny düýpli üýtgetmek üçin Kongresiň rugsady hökmany bolar. Ol bu hakda aýratyn belläp:

«Kongresiň razylygy bolmazdan, hiç hili düýpli üýtgeşme girizilmez. Biz bu otaglary häzirki durkunda saklarys» diýdi.

Donald Trampyň prezidentlik döwründe Owal otagyň içki bezeginde uly özgerişlikler geçirilipdi. Otagyň häzirki bezeginde altynsow nagyşlar we örtükler agdyklyk edýär.