ABŞ-nyň Federal arz-şikaýat kazyýeti Trampyň administrasiýasyny DV-2027 grin kart lotereýa maksatnamasyna hasaba alşy täzeden açmaga borçlandyrýan buýrugy togtatdy.
Şonuň üçin hökümet entek öň bellenen möhlete, ýagny 2026-njy ýylyň 1-nji noýabryna çenli arzalary açmaga borçly däl.
Diversity Visa maksatnamasy her ýyl ABŞ gelýän immigrantlaryň arasynda taryhy taýdan az wekilli ýurtlaryň raýatlaryna 55 000-e çenli immigrant wizasyny berýär. Bu maksatnama ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan, prezident Jorj Buş-ulynyň gol çekmeginde 1990-njy ýylyň Immigrasiýa hakyndaky kanunynyň çäklerinde esaslandyryldy.
ABŞ-nyň hökümeti ozal bu maksatnamany togtadyp, arza beriş prosesini ýapypdy, ýöne oktýabr aýynyň ortalarynda kazyýet Döwlet departamentine DV-2027 lotereýasyna hasaba alşy 1-nji noýabrdan gijä galman gaýtadan dikeltmegi tabşyrdy.
Bu iş Red Eagle Law hukuk firmasynyň şu tomusda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio garşy nobatdaky lotereýa üçin hasaba alyşlygyň ýoklugy babatda kazyýete şikaýat etmeginden soň başlady. Öňki lotereýalaryň ýeňijileriniň adyndan çykyş edýän firma maksatnamanyň togtadylmagynyň müşderilerine we täjirçilik bähbitlerine täsir edendigini nygtady.
Ýöne indi arz-şikaýat topary firmanyň kazyýet işini gozgamak üçin konstitusion esaslarynyň ýokdugyny anyklady. Kazylaryň pikiriçe, onuň täjirçilik bähbitleri maksatnamanyň maksatlary bilen diňe gytaklaýyn baglanyşyklydyr. Arz-şikaýat kazyýetiniň çözgüdi, hökümet şikaýata seredýänçä, wagtlaýyn aşaky kazyýetiň kararyny togtadýar, ýöne jedeliň esasy meseleleri babatda gutarnykly karar däldir.
Red Eagle Law firmasy kazyýet işlerini dowam etdirmek üçin ABŞ-da talyp, iş ýa-da beýleki immigrasiýa däl wiza bilen ýaşaýan, administrasiýa garşy arzaçy hökmünde çykyş etmäge razy boljak daşary ýurt raýatyny gözleýär.
Lotereýanyň togtadylmagy dünýäniň müňlerçe dalaşgärine täsir edip biler. Şol bir wagtyň özünde, Trampyň administrasiýasy kanuny immigrasiýany berkitmegiň başga çärelerini görýär, şol sanda Green Card-a dalaşgärleriň barlagyny güýçlendirýär, bosgunlyk arzalary we iş rugsatnamalary üçin ýygymlary ýokarlandyrýar hem-de H-1B wiza maksatnamasyna çäklendirmeleri girizýär.