Nýu-Ýorkda Möý-adamyň köçesi peýda boldy

15.10.2026, 20:303,895
1 / 2

Nýu-Ýorkda «Spider-Man Way» («Möý-adam ýoly») atly köçäniň dabaraly açylyşy boldy. Has takygy, şäheriň Forest Hills etrabyndaky Ingram Street köçesiniň bir bölegine şeýle goşmaça at berildi.

1989-njy ýylda çap edilen komikse görä, Piter Parker hut şu köçäniň 20-nji jaýynda ýaşapdyr.

Dabara şäheriň resmi wekilleri we gahrymanyň onlarça muşdagy gatnaşdy. Olaryň köpüsi Möý-adamyň lybasyny geýip geldi.

«Ajaýyp işleri etmek üçin adatdan daşary gelip çykyşyň bolmagy hökmany şert däldir» diýip, şäher geňeşiniň agzasy Linn Şulman çykyşynda aýratyn belledi.

Beýleki çykyş edenler hem gahrymanyň meşhurlygynyň syryny onuň adaty adamlara ýakynlygy bilen bagladylar.

Bu hakda Nýu-Ýork ştatynyň Assambleýasynyň agzasy Sem Berger şeýle diýdi:

«Piter Parker — gökdirän binada ýaşaýan milliarder däl. Ol kosmosdan gelen gelmişek hem däl. Ol Kwins etrabynda önüp-ösen ýönekeý bir ýigit. Onuň öý işi, tölemeli paçlary, maşgala meseleleri we şu gün başgalara kömek edip bilmejekdigini aýtmak üçin başga-da müň dürli bahanasy bar. Muňa garamazdan, ol gaýta-gaýta adamlara kömek etmäge gelýär. Bizem edil şeýle goňşylarymyzyň bolmagyny isleýäris».

Möý-adamyň ýaş muşdaklarynyň biri Katalina Kalofero hem öz duýgularyny paýlaşdy:

«Piter Parker we Möý-adam, aýratyn-da Kwinsde ulalan adamlar üçin örän uly ähmiýete eýe. Möý-adamyň ahyrsoňy Ingram Street köçesiniň 20-nji jaýynda ýaşandygynyň ykrar edilmegi örän ýakymly».

Gahrymany döredijileriniň biri Stiw Ditkonyň garyndaşy Mark Ditko komiksiň awtorlarynyň hemişe Piter Parkeri «adaty bir mähelläniň içinde ýaşaýan ýönekeý adam» hökmünde görkezmäge çalşandyklaryny ýatlatdy.

«Nämedir bir sebäp bilen Kwinsden bolan bu ýetginjek häzirki zaman pop-medeniýetiniň iň köp tanalýan toslama gahrymanlarynyň birine öwrüldi. Millionlarça çaga we ulular onuň keşbine girýär».