Aşgabatda daşary ýurt ýyldyzlarynyň konserti uly şowhun we garaşylmadyk sowgatlar bilen geçdi

Şu gün, 12:348,281
1 / 7

Düýn «Aşgabat» köpugurly stadionynda dünýä belli estrada ýyldyzlarynyň we ýerli sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konserti geçirildi. Täsirli pursatlara baý bolan aýdym-sazly agşamda daşary ýurtly meşhur aýdymçylar özleriniň hit bolan aýdymlaryny ýerine ýetirip, diňleýjilere ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etdi diýip, tmсars.news-yň habarçysy ýazýar.

Baýramçylyk konsertini, ilki bilen, Russiýanyň tanymal aýdymçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nýuşa (Anna Şuroçkina) açdy. Ol özüniň diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanan «Выше», «Объединение», «Цунами» we «Выбирать чудо» ýaly meşhur hitlerini hem-de täze aýdymlaryny hödürledi. 

Çykyşynyň ahyrynda aýdymçy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilen «Bagt nury» atly aýdymyny ýerine ýetirip, tomaşaçylara aýratyn şatlyk paýlady.

Bu gezekki çykyş Nýuşa üçin Türkmenistana eýýäm dördünji gezek gelmegi boldy. Aýdymçy ýokary derejede bildirilen myhmansöýerlik we konsertiň guramaçylygy üçin ýurt ýolbaşçylaryna hem-de özüni gyzgyn garşylan muşdaklaryna minnetdarlyk bildirdi.

Sahnada çykyşlar liwanly aýdymçy Maýa Diab, şeýle hem Türkiýeden gelen meşhur aýdymçylar Murat Boz we Hadise bilen dowam etdi. Olar diňleýjileriň söýgüsini gazanan aýdymlaryny ýerine ýetirip, konsertiň şowhunyny artdyrdy.

Konsert maksatnamasynyň çäginde türkmenistanly aýdymçy Arsen Şahuns hem sahna çykdy. Ol ähli watandaşlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen mähirli gutlap, öz dogduk mekanynda we şu sahnada çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Aýdymçy özüniň «Голубка» we «Девочка, стоп!» ýaly meşhur aýdymlary bilen baýramçylyk gurşawyna aýratyn joşgun goşdy.

Konsert tamamlanandan soň, aýdymçylar Aşgabadyň gözelliginden alan täsirleri bilen paýlaşyp, türkmen halkynyň belent myhmansöýerligini aýratyn buýsanç bilen nygtady. Olar bu sahnada çykyş etmegiň özleri üçin tolgundyryjy pursatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw etdi.