Awazada telewizion filmler bäsleşiginiň ýeňijisine $10 müň berildi

Şu gün, 05:291,969
1 / 2

8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Şamekan» myhmanhanasynda GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly telewizion filmleriň döwletara bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Baş baýraga Russiýadan kinorežissýor Robert Fransew mynasyp bolup, ýörite heýkel we pul baýragy bilen sylaglandy.

Türkmenistanyň halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýewyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary bedewleriň gözelligini, atçylyk sungatynyň inçe syrlaryny hem-de atly sportuň aýratynlyklaryny açyp görkezýän iň gowy eserleri saýlady.

Bäsleşigiň jemi boýunça esasy ýeňijiler şular boldy:

  • Baş baýrak: Russiýa Federasiýasyndan kinorežissýor Robert Fransew «Ahalteke bedewi — milletiň genji-hazynasy» atly filmi üçin mynasyp bolup, bäsleşigiň ýörite heýkeli, diplomy we 10 müň dollar pul baýragy bilen sylaglandy.
  • 1-nji orun: «Atçylygyň taryhy barada iň gowy film» ugry boýunça kinorežissýor Rahymberdi Annagulyýewiň «Atamdan galan» atly filmi mynasyp bolup, döredijilik toparyna ýörite heýkel, diplom we 7 müň dollar pul baýragy gowşuryldy.
  • 2-nji orun: «Atly sport barada iň gowy film» ugry boýunça Azerbaýjandan Mirsadyg Agazadeniň «Garabagyň altyn atlary» atly filminiň döredijilik topary heýkel, diplom we 5 müň dollar pul baýragy bilen sylaglandy.
  • 3-nji orun: «Bedewiň keşbiniň çeper beýan edilmegi» ugry boýunça Gazagystan Respublikasyndan kinorežissýor Temirbeg Amanžolyň «Ewa — batyr gyz» atly filmi mynasyp bolup, döredijilik toparyna heýkel, diplom we 3 müň dollar pul baýragy gowşuryldy.

Bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistandan Jepbar Aşyrgeldiýewiň «Behişdi bedewler» filmi çeperçilik beýany, Mekan Gurbanalyýewiň «Bedewleriň ýürekde goýan yzy» filmi bedewleriň waspyny çeper beýan edendigi üçin, Döwletgeldi Hudaýberdiýew «Asman atlary» filmi bilen «Iň gowy operatorlyk işi» ugry boýunça baýraga mynasyp boldy. Şeýle-de, Maksat Gurbangeldiýewiň «Ýörüşindäki rowaýat: Ahalteke bedewleri altynda we durmuşda» atly film «Iň gowy erkek keşbi» ugry, Jumadurdy Tirkeşowyň «Tylla nally toýnaklar» atly filmi bolsa ylmy-populýar beýan edilişi bilen tapawutlandy.

Gazagystandan Bahyt Kaýyrbekowyň «Ýigidiň ganatly jany» (iň gowy režissýorlyk işi), Belarusdan Marina Plygawkanyň «Atlar. Gözelligiň güýji» (iň gowy ssenariý), Gyrgyz Respublikasyndan Asel Umaraliýewanyň «Aýliniň hekaýalary» (iň gowy zenan keşbi) we Nursultan Kadyrkul Uulynyň «Merkezi Aziýadaky iň uly — Alaman» (eminler toparynyň ýörite baýragy) filmleri baýraklara mynasyp boldy.

Özbek kinorežissýory Doniýor Şakirowyň «Behişdi bedewler» filmi seýisçilik sungatynyň waspy we rus kinorežissýory Artýom Somowyň «Ahalteke atlary — behişdi bedewler» atly filmi bolsa milli aýratynlyklaryň çeper beýany üçin sylaglandy.