Awstriýada çörekden jaý gurmak teklip edilýär

Düýn, 18:435,683
1 / 4

Awstriýada gatan çörekden we çörek bişirilýän kärhanalarda ýygnalýan hamyr we un garyndylaryndan gurluşyk materiallaryny öndürmek boýunça işler alnyp barylýar. Pongau sebitinde durmuşa geçirilýän bu taslamanyň çäginde alymlar 3D printer arkaly gurluşyk böleklerini öndürmäge ýaramly garyndyny taýýarlamagyň üstünde işleýärler.

Bu işde, hatda sanitariýa talaplaryna laýyk gelmeýändigi üçin mala bermäge-de ýaramaýan önümlerem peýdalanylýar.

Çörek galyndylary goşulyp taýýarlanan ilkinji kerpiçler Wena tehniki uniwersitetinde synagdan geçirildi. Ýöne olary öndürmek üçin 3D printeri ulanylmady. «Biofabrique Vienna» barlaghanasynda talyplar uny metro geçelgeleriniň gurluşygy wagtynda gazylyp çykarylan toýun bilen garyşdyryp, olary ýörite galyplarda açyk howanyň astynda guradypdyrlar.

Synagyň dowamynda göz öňüne tutulmadyk ýagdaýlar hem ýüze çykdy: käbir «çörek» kerpiçleriniň reňki düzümine tötänleýin düşen zygyr tohumlarynyň gögerip çykmagy zerarly ýaşyl öwüşgine eýe boldy.

Geljekde alymlar çörek galyndylarynyň diňe bir gurluşyk kerpiçlerini öndürmekde däl, eýsem, mebel böleklerini, meselem, şkaflar üçin plitalary we diwanyň karkas böleklerini taýýarlamakda hem nepi deger diýip hasap edýärler.

Şeýle-de «Biofabrique Vienna» barlaghanasynda täze gurluşyk materiallaryny taýýarlamak üçin Dunaý derýasyndan alynýan suwotular, şeker şugundyryny gaýtadan işleýän we agaç kärhanalarynyň galyndylary ýaly ýerli serişdeleri peýdalanmak hem göz öňünde tutulýar.