Laým tagamly gawun, ananas ysly ýertudana: bazarda peýda bolan iň täsin miweler

Düýn, 21:001,735
1 / 16

Mandarini arassalamak kynmy? Hyýar nahar gutusyna sygmaýarmy? Alma tiz çüýreýärmi? Üzüm süýjiligini ýitirýärmi? Seleksionerler eýýäm bu meseleleriň çözgüdini tapdylar. Olaryň işi netijesinde üýtgeşik tagamly, adaty bolmadyk ölçegdäki we alyjylar üçin peýdaly aýratynlyklara eýe bolan miweler hem-de gök önümler peýda bolýar.

Biz smartfonlaryň we noutbuklaryň täze modellerine garaşmaga öwrenişipdiris. Emma gündelik iýýän önümlerimiziň hem yzygiderli üýtgäp durýandygy hakda seýrek oýlanýarys. Täze sortlary döretmek üçin hökmany suratda genetiki inženerçiligiň kömegi bilen genomy üýtgetmegiň hem zerurlygy ýok. Ösümlikleriň gerekli aýratynlyklaryny adaty seleksiýa usuly arkaly hem gazanyp bolýar: munuň üçin laýyk sortlary özara çaknyşdyrmak we olaryň nesillerini köp ýyllaryň dowamynda saýlap-seçmek ýeterlik. Käte bu asla garaşylmadyk netije berýär.

Bu makalada biz tmcars-yň okyjylary üçin eýýäm daşary ýurt dükanlarynyň tekjelerinde peýda bolan täze üýtgeşik gök önümleriň birnäçesi hakdaky maglumatlary jemledik.

Laým tagamly gawun

Daşyndan göräýmäge, gawunlaým (iňlisçe «limelon» ) sarymtyl-ýaşyl paçakly, kiçijik we ýylmanak gawuna meňzeýär. Emma ony keseniňde, adaty süýji ysyň ýerine ter sitrus miwelerini ýada salýan ys duýulýar. Miwäniň içi açyk ýaşyl reňkli, şireli we kibirdewük bolýar.

Bu sortuň üýtgeşik tagamy onuň ýeke-täk aýratynlygy däl. Seleksionerler daşalanda zaýalanmaýan, uzak wagtlap saklanyp bilýän we kibirdewük gurluşyny ýitirmeýän gawun ösdürip ýetişdirmegi maksat edinipdirler. Şeýle aýratynlyklar, esasan-da, önümi supermarketlerde satmak üçin möhümdir.

Laým tagamly gawuny Taýwanyň Known-You Seed kompaniýasy döredipdir. 2015-nji ýylda seleksionerler onuň tohumlaryny Niderlandlaryň sorty synagdan geçirmek we bazara çykarmak bilen meşgullanýan HillFresh kompaniýasyna iberipdir. Täze sort genetiki taýdan üýtgedilen ösümliklerden däl-de, adaty çaknyşdyrma usuly arkaly ýetişdirilipdir.

Häzirki zaman laboratoriýa usullary seleksiýa işlerini çaltlandyrmaga kömek edýär. Mysal üçin, molekulýar markerler ýaş ösümlikleriň DNK-syny öwrenip, olarda zerur alamatlaryň bardygyny öňünden kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, hünärmenlere her bir ösümligiň ulalyp, miwe bermegine garaşmak zerurlygy aradan aýrylýar.

Işi çaltlandyrmagyň ýene bir usuly — hromosomalaryň sanyny iki esse artdyrmak. Ilki bilen, mysal üçin, dokuma ösdürimi arkaly ösdürilip ýetişdirilen tozan dänejiklerinden hromosomalaryň bir toplumyna eýe bolan ösümlik alynýar. Soňra hromosomalaryň sany emeli usulda iki esse köpeldilip, genetiki taýdan birmeňzeş hatar döredilýär. Adaty ýakyn garyndaş ösümlikleri çaknyşdyrmak arkaly şuňa meňzeş netijä ýetmek üçin alty-sekiz nesil gerek bolup biler.

Ortaýer deňzi sebitlerinde, şol sanda Marokkoda we Ispaniýada geçirilen synaglardan soň, laým tagamly gawun Ýewropa bazaryna çykaryldy. 2020-nji ýyldan bäri ol Niderlandlarda, Belgiýada, Germaniýada, Fransiýada we Beýik Britaniýada satylýar. Önümi ýylyň dowamynda üznüksiz üpjün etmek üçin ol dürli ýurtlarda, şol sanda Ispaniýada we Günorta Afrikada hem ösdürilip ýetişdirilýär.

Pagta süýjüsiniň tagamyny ýada salýan üzüm

International Fruit Genetics (IFG) seleksiýa kompaniýasy Candy atly dänesiz üzümleriň tutuş tapgyryny döretdi. Oňa alty sort girýär: Candy Snaps, Candy Drops, Candy Dreams, Candy Crunch, Candy Hearts we meşhur Cotton Candy.

Olaryň her biriniň özüne mahsus aýratynlygy bar. Candy Snaps goýy gyzyl reňkli miweleri we tropiki miweleriň hem-de ýertudananyň öwüşginlerini ýada salýan süýji tagamy bilen tapawutlanýar. Candy Hearts has çylşyrymly ysa eýe bolup, käbir adamlar onuň tagamyny malina, liçi we beýleki tropiki miweler bilen deňeşdirýärler. Cotton Candy sortunyň ýaşyl reňkli, süýnmegräk miweleri bolsa köplere wanilli pagta süýjüsini ýatladýar.

Bu ýerde hem genetiki modifikasiýa ulanylmaýar. Seleksionerler ösümlikleri el bilen tozanlandyrýarlar, laýyk sortlary çaknyşdyrýarlar, soňra bolsa müňlerçe nahaly köp ýyllaryň dowamynda ösdürip ýetişdirip, tagamyny dadyp görýärler. Şeýdip, tagamy, gurluşy we hasyllylygy boýunça iň gowulary saýlanyp alynýar.

Cotton Candy sortuny döretmekde Concord sortuna meňzeş, özboluşly we ýiti ysa eýe bolan üzüm bilen miweleri dykyz hem-de kibirdewük edýän tohumsyz Ýewropa üzümi ulanyldy.

Bu iş kän zähmeti talap edýär, ýöne onuň netijeleri haýran galdyrýar. 2001-nji ýylda esaslandyrylan IFG kompaniýasy şondan bäri üzümiň onlarça patentlenen sortuny döredipdir. Kompaniýanyň işläp taýýarlan sortlary ABŞ-dan Awstraliýa çenli 18 ýurtda ösdürilip ýetişdirilýär.

Bir ýyla golaý zaýalanman saklanyp bilýän alma

Cosmic Crisp almalaryny ownuk, açyk reňkli ownuk-ownuk menekler bilen örtülen goýy gyzyl gabygynyň üsti bilen aňsat tanap bolýar. Olaryň içi şireli, dykyz we kibirdewük, tagamy bolsa süýjülik bilen ýeňil turşulygyň sazlaşygyndan ybarat. Emma bu sortuň esasy artykmaçlygy ýygnalandan soň hem hilini uzak wagtlap saklap bilmeginde jemlenýär: degişli şertlerde onuň miwelerini bir ýyla çenli saklamak bolýar.

Cosmic Crisp söwda adynyň aňyrsynda Waşington ştatynyň uniwersitetiniň alymlary tarapyndan döredilen WA 38 sorty durýar. Alymlar tagamly we kibirdäp duran, Waşington ştatynyň howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmäge laýyk gelýän hem-de uzak wagtlap zaýalanmaýan alma almagy maksat edinipdirler.

1997-nji ýylda seleksioner Brýus Barritt üýtgeşik tagamy we gurluşy bilen tapawutlanýan Honeycrisp sortuny uzak wagtlap saklanyp bilýän Enterprise sorty bilen çaknyşdyrypdyr. Soňra alymlar on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda alnan nesilleri barlap, tagamy, hasyllylygy, kesellere durnuklylygy we saklanyş möhleti boýunça amatly häsiýetleriň utgaşmasyna eýe bolan ösümlikleri saýlap alypdyrlar.

2017-nji ýylda sort öndürijilere hödürlenipdir, 2019-njy ýylda bolsa bu alma ABŞ-nyň dükanlarynda satuwa çykarylypdyr. Soňra ony Italiýada hem ösdürip ýetişdirip başlapdyrlar. Ol ýerden Cosmic Crisp Ýewropa bazarlaryna iberilýär.

Gabygyny arassalamasy aňsat «tutawaçly» mandarin

Ýaponiýanyň Shiranui mandarini beýleki sitrus miwelerinden göz-görtele tapawutlanýar. Ol apelsin ýaly iri, örän süýji we şireli bolýar. Sapagynyň golaýynda bolsa gönümel göze ilip duran tümmejik bar. Hut şu aýratynlygy sebäpli ol tebigy «tutawajy» bolan mandarin hökmünde tanalýar: gabygyny sypyryp başlamaga şol tümmejikden tutmak amatly.

ABŞ-da bu sort Sumo Citrus söwda ady bilen satylýar. Onuň taryhy 1970-nji ýyllarda Ýaponiýanyň Nagasaki prefekturasyndaky döwlet tejribe merkezinde başlanypdyr. Seleksionerler el bilen tozanlandyrmak we adaty saýlap-seçmek usullary arkaly Kiýomi tangoryny Ponkan mandarini bilen çaknyşdyrypdyrlar.

Ilkibaşda täze gibrid hünärmenlerde uly gyzyklanma döretmändir: miweler egri we aşa turşy bolupdyr. Emma 1980-nji ýyllaryň ortalarynda goňşy Kumamoto prefekturasynda miweleriň saklanandan soň has süýjäp başlaýandygy anyklanypdyr. 1990-njy ýyllaryň başynda bu sort Ýaponiýada we Günorta Koreýada ösdürilip ýetişdirilip başlanypdyr.

Döredijiler bir miwede birnäçe aýratynlygy — uly ölçegi, şireli we süýji eti, şeýle hem aňsat arassalanýan gabygy — utgaşdyrmagy maksat edinipdirler. Muňa ýetmek başardypdyr, ýöne bu mandarini ösdürip ýetişdirmek aňsat bolmandyr. Agaçlaryň miwe berip başlamagy üçin dört ýyl dagy gerek eken. Miwelere ýeterlik Gün şöhlesiniň düşmegi üçin şahalary el bilen kesip, selçeňletmeli bolýar. Käte miweleriň gabygyny Günüň ýakyp zaýalamagyndan goramak üçin daşyna palçyk çalynýar.

Hasyl el bilen ýygnalýar, soňra turşulygyny azaltmak üçin miweler 20–40 gün saklanylýar. Şu işleriň ählisi Sumo Citrus-yň bahasyny ep-esli gymmatladýar: Ýaponiýada ýekeje miwäniň bahasy 7 dollara ýetip bilýär.

ABŞ-a bu mandariniň nahallary 1998-nji ýylda Ýaponiýadan getirilipdir, emma miweler dükanlarda diňe 2011-nji ýylda peýda bolupdyr. Häzirki wagtda ol Braziliýada hem ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle-de bolsa, esasy önümçilik sebitlerinden daşarda bu mandarini tapmak henizem aňsat däl.

Ýeňil garbanmak üçin niýetlenen kiçijik almalar

Rockit ilkibada göräýmäge adaty gyzyl-sary alma meňzeýär, ýöne ol örän ownuk bolýar. Şeýle almalaryň birnäçe sanysy tennis toplary üçin niýetlenen gapjagaza meňzeş gapda ýerleşdirilip satylýar. Olary ýanyň bilen alyp gitmek, nahar gutusyna salmak ýa-da böleklere bölmän, bitewiligine iýmek amatly.

Bu sorty Täze Zelandiýanyň döwlet Plant & Food Research institutynyň seleksionerleri ýetişdirdiler. Ilkibaşda oňa PremA96 diýlip at berlipdir. 1989-njy ýylda hünärmenler Gala we Splendour sortlaryny çaknyşdyrypdyrlae, soňra bolsa alnan netijäni ýene ýigrimi ýyla golaý wagtyň dowamynda kämilleşdiripdirler.

Gyzykly tarapy, seleksionerler ilkibaşda almalaryň kiçi bolmagyny maksat edinmändir. Olar diňe täjirçilik maksady bilen ösdürip ýetişdirmäge ýaramly, tagamy süýji alma döretmek isläpdirler. Emma miweler garaşylýandan kiçi bolup çykypdyr. Şol sebäpli öndürijiler oňa uzak wagtlap gyzyklanma bildirmändir.

2002-nji ýylda telekeçi Fil Elison bu sorta bolan hukuklary satyn alypdyr. 2010-njy ýylda bolsa kiçijik almalar ilkinji gezek bazara çykarylypdyr. Olar çalt hem ýeňil garbanmak üçin amatly miwe hökmünde mahabatlandyrylyp başlanypdyr.

Häzirki wagtda Rockit dürli ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu almalar ABŞ-da we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda satylýar.

Içi gülgüne reňkli kartoşka

AmaRosa kartoşkasy edil ýörite reňklenen ýaly görünýär: onuň gabygy ýylmanak we goýy gyzyl, içi bolsa gülgüne ýa-da gyzylymtyl bolýar. Üstesine, nahar bişirilenden soň hem bu reňk saklanyp galýar. Şonuň üçin bu kartoşkadan taýýarlanan püre hem açyk gülgüne reňkli bolýar.

Bu sorty Oregon ştatynyň uniwersitetiniň seleksionerleri döredipdirler. Işler 2000-nji ýylda ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň maksatnamasynyň çäginde alnan, içi gyzyl reňkli PA97B23-2 hataryny gabygy gyzyl kartoşka sortlarynyň garyşyk tozan dänejikleri bilen çaknyşdyrmakdan başlanypdyr.

AmaRosa enelik ösümliginden kök miweleriniň süýnmegräk görnüşini we içiniň reňkini miras alypdyr. Gyzyl gabygynyň bolsa, çaklamalara görä, atalyk sortlaryndan geçendigi aýdylýar.

Täze kartoşkany döretmek we synagdan geçirmek üçin on ýyla golaý wagt gerek bolupdyr. Uniwersitet bu sorty 2011-nji ýylda tanyşdyrypdyr. Häzirki wagtda AmaRosa esasan ABŞ-da we Kanadada kiçi hojalyklar hem-de bagbanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän ýöriteleşen önüm bolup galýar. Demirgazyk Amerikadan başga ýerlerde ony tapmak kyn.

Jübiňde göterip bolýan ownujak hyýar

Quarto RZ F1 hyýarynyň agramy bary-ýogy 40 grama golaý. Ol ýylmanak, ýaşyl we kibirdewük bolup, ölçegi boýunça eliňe, jübiňe ýa-da kiçijik nahar gabyna aňsatlyk bilen sygýar. Bu sort salat üçin goşundy hökmünde däl-de, ýanyň bilen alyp gidip, ýöne gezip ýören ýeriňden iýmek üçin döredilipdir.

Sorty Niderlandlaryň Rijk Zwaan tohumçylyk kompaniýasy işläp taýýarlapdyr. Quarto RZ 2005-nji ýylda peýda bolup, ýeňil garbanma üçin niýetlenen ilkinji kiçi hyýarlaryň biri bolupdyr. Soňra kompaniýa beýleki ykjam sortlary, şol sanda unjumak çygly kömeleklere durnukly görnüşleri hem döredipdir. Häzirki wagtda onuň kiçi hyýarlary MyCubies umumy söwda ady bilen satylýar.

F1 belgisi iki sany genetiki taýdan birmeňzeş enelik we atalyk hataryny çaknyşdyrmak arkaly alnan birinji nesil gibridi aňladýar. Emma kompaniýa bu sortuň haýsy sortlardan döredilendigini aýan etmeýär.

Şeýle gibridler köplenç ýokary hasyllylygy we miweleriniň birmeňzeşligi bilen tapawutlanýar. Emma olardan ýygnalan tohumlar şol bir häsiýetlere eýe bolan ösümlikleriň ýetişjekdigini kepillendirmeýär: ikinji nesilde alamatlar dürli görnüşde ýüze çykyp biler. Şonuň üçin durnukly we öňünden çaklap bolýan hasyl almak isleýän daýhanlar, adatça, öndürijiden täze tohum satyn alýarlar.

Quarto RZ we beýleki kiçi hyýarlar Ýewropanyň köp ýurtlarynda satylýar.

Ananas ysly ak ýertudana

Pineberry atly ak ýertudanasynyň eýýäm daş keşbi bilenem ünsüňi çekýär: onuň miwesi açyk reňkli, dänejikleri gyzyl, ysy bolsa käbir adamlara ananasy ýatladýar. Şeýle-de bolsa, bu tagam aýratynlygyny hemmeler duýmaýar. Bu adaty gyzyl ýertudananyň degişli bolan şol bir ösümlik görnüşine girýän bir sortdyr.

Ak miweli ýertudananyň taryhy Pineberry sortunyň özündenem has gadymy döwürlere uzaýar. Günorta Amerikada ösýän, ak miweli Fragaria chiloensis bilen Demirgazyk Amerikada duş gelýän, gyzyl miweli Fragaria virginiana, takmynan, XVIII asyrda Ýewropa getirilipdir. Olaryň tebigy ýagdaýda çaknyşmagy häzirki zaman bag ýertudanasynyň döremeginde möhüm tapgyrlaryň biri bolupdyr.

Wagtyň geçmegi bilen ak miweli görnüşler köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň arasynda tas ýitibem gidipdir. Şeýle-de bolsa, Çilide bu ösümlik henizem duş gelýär. Ony täzeden bazara çykarmak niderlandly seleksioner Hans de Ýonga başardypdyr. Ol fransuz kolleksionerinden öňki ak miweli hatarlardan gelip çykan bolmagy ähtimal gowşak ösümligi alypdyr.

De Ýong alty ýylyň dowamynda iň gowy ösümlikleri saýlap-seçip, 2009-njy ýylda täze sorty köpçülige hödürläpdir. Munuň üçin genetiki modifikasiýa zerur bolmandyr — adaty seleksiýa usuly ulanylypdyr.

Pineberry-ni ösdürip ýetişdirmek aňsat däl. Ak miweli ösümlikler öz-özlerini netijeli tozanlandyryp bilmeýändikleri üçin olaryň ýanynda adaty gyzyl ýertudana hem ekilýär. Mundan başga-da, bu miweler uzak saklanmaýar, bu bolsa olaryň giňden ýaýramagyny çäklendirýär. Şonuň üçin Pineberry-ni diňe ösdürilýän ýerlerinde, mysal üçin, Niderlandlarda, Beýik Britaniýada we ABŞ-nyň käbir ştatlarynda tapyp bolýar.

Bu mysallaryň ählisi seleksiýanyň diňe hasyllylygy ýokarlandyrmak we ösümlikleri kesellere durnukly etmek bilen çäklenmeýändigini görkezýär. Ol gündelik durmuşymyza hem täsir edýär: miweler nahar gutusynda ýanyň bilen götermek has amatly bolýar, uzak wagtlap çüýremän saklanýar, käte bolsa garaşylmadyk tagama we görnüşe eýe bolýar.