Alymlar Wan Goguň suratyndaky ýyldyzlaryň syryny düşündirdiler

Şu gün, 10:011,160
1 / 2

Günorta Koreýanyň alymlary Winsent wan Goguň «Ýyldyzly gije» atly suratyndaky ýyldyzlaryň ýerleşişi bilen hakyky Giadalar ýyldyzlar toplumynyň arasynda meňzeşligi ýüze çykardylar. Derňewiň netijeleri suratkeşiň 1889-njy ýylyň 22-nji iýulynda daňdan gören hakyky asman hadysasyny şekillendiren bolmagynyň mümkindigini görkezýär.

Mundan öň sungaty öwrenijiler suratdaky ýyldyzlary Hamal ýyldyzlar toplumy bilen baglanyşdyrýardylar. Emma bu çaklamany tassyklaýan ynandyryjy astronomik subutnamalar ýokdy.

Günorta Koreýanyň Kýonhi uniwersitetiniň astronomy Elija Çon Hýon Kim kompozisiýanyň merkezindäki bäş ýyldyzyň Sowur ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän, V şekilli häsiýetli dargan ýyldyzlar toplumy bolan Giadalara gabat gelýändigini çaklady.

Alymlaryň hasaplamalaryna görä, 1889-njy ýylyň 22-nji iýulynda Giadalar gündogar gözýetiminden Wenera bilen birlikde ýokary galypdyr, Aý bolsa orak şekilinde eken. Bu asman görnüşi suratdaky şekillendirişe 18-nji iýundaky asmanyň ahwalyndan has gowy gabat gelýär. Hut şol sene wan Goguň dogany Teo ýazan hatyna esaslanyp, adatça, suratyň döredilen wagty bilen baglanyşdyrylýar. Emma şol gün Aý başga sypatda — kiçelýän güberçek görnüşde bolupdyr.

Çaklamany barlamak üçin gözlegçiler Fransiýa baryp, suratkeşiň Sen-Remide bolmagy mümkin bolan syn ediş nokadyny täzeden kesgitlediler we şol ýerden görünýän asman bölegini gaýtadan dikeldip görkezdiler. Soňra olar obýektleriň ölçegini, ugruny we ýerleşişini deňleşdirenden soň, olaryň meňzeşligini deňeşdirmäge mümkinçilik berýän Prokrustyň matematiki usulyny ulandylar.

Deňeşdirmäniň netijesi suratdaky bäş ýyldyzyň Giadalar ýyldyzlaryna meňzeýändigini tassyklady. Suratkeşiň deslapky eskizinde bolsa has-da takyk gabat gelme ýüze çykaryldy.

Gözlegçiler şuňa meňzeş usuly 1888-nji ýylda çekilen «Kafeniň gijeki eýwany» atly suraty öwrenmek üçin hem ulandylar. Olaryň çaklamasyna görä, bu suratda şekillendirilen ýyldyzlar «Tomus üçburçlugy» diýlip atlandyrylýan ýyldyzlar toparyna — Wega, Deneb we Altaira gabat gelip biler.

Geljekde alymlar bu usuly wan Goguň beýleki eserlerini öwrenmek üçin hem ulanmagy meýilleşdirýärler. Munuň netijesinde suratkeşiň ylham alan bolmagy ähtimal beýleki astronomik çeşmeleri hem has takyk kesgitlemek bolar.