Soňky onlarça ýylyň dowamynda ABŞ-nyň günbatarynda 398 buzluk doly ýok boldy. Şeýle hem buzluklaryň umumy meýdany, takmynan, 35 göterim azaldy. Portland döwlet uniwersitetinden Endrýu Fonteýniň ýolbaşçylygyndaky alymlar taryhy kartalary uçarlardan we hemralardan alnan suratlar bilen deňeşdirip, şeýle netijä geldiler. Bu barada Earth.com neşiri habar berýär.
Esasan, XX asyryň ikinji ýarymynda düzülen köne topografik kartalarda alymlar umumy meýdany, takmynan, 562 inedördül kilometre deň bolan 1453 buzlugy hasaba alypdyrlar. 2015-nji ýyla golaý döwürde bolsa olaryň sany 1331-e, umumy meýdany bolsa 367 inedördül kilometre çenli azaldy.
Ýok bolan buzluklaryň sany bilen buzluklaryň umumy sanynyň arasyndaky tapawut käbir uly buzluklaryň birnäçe aýratyn bölege bölünmegi bilen düşündirilýär. Şeýle bölekler soňra aýratyn buzluklar hökmünde hasaba alnypdyr.
Şol döwürde buz gorlarynyň göwrümi hem 19,7 kub kilometrden 13,2 kub kilometre çenli azaldy. Esasan-da, meýdany 0,1 inedördül kilometrden geçmeýän kiçi buzluklar uly ýitgä sezewar boldy. Olar öz meýdanynyň tas üçden iki bölegini ýitirdi. Şol bir wagtyň özünde, buzluklaryň iň köp jemlenen zolagy dag eňňitleri boýunça, takmynan, 50 metr ýokaryk göçdi.
Muňa garamazdan, käbir kiçi buzluklar ýer üstüniň aýratynlyklary sebäpli häzire çenli saklanyp galýar. Gar göçgünleri we syrgyn olaryň buz gorlaryny täzeläp durýar. Daş-töweregindäki dag gerişleri bolsa buzluklary göni gün şöhlelerinden goraýar.
Alýaskadan başga, ABŞ-nyň esasy çägindäki buzluklaryň aglaba bölegi Kaskad daglarynyň demirgazyk böleginde ýerleşýär. Bu sebite 11,6 kub kilometr çemesi buz düşýär. Bu bolsa barlag geçirilen çäklerdäki buzlaryň umumy göwrüminiň 89 göterimine diýen ýaly deňdir.
Alnan maglumatlar dag buzluklarynyň ýagdaýynyň dürli sebitlerde birmeňzeş üýtgemeýändigini görkezýär. Şeýle hem buzluklaryň saklanyp galmagynyň ýerli tebigy şertlere, şol sanda daglaryň ýerleşişine, gar basmagyna we gün şöhlesinden goraglylygyna berk baglydygyny tassyklaýar.