Ronaldunyň milli ýygyndyny özbaşdak terk edendigi üçin gutarnykly jezasy çykaryldy

Şu gün, 10:094,502

Hüjümçi Kriştianu Ronaldu Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň türgenleşik meýdançasyny özbaşdak terk edendigi üçin 30 günlük diskwalifikasiýa we 255 ýewro möçberinde jerime aldy. Mundan öň futbolçy deslapky ýagdaýda oýunlardan wagtlaýyn çetleşdirilipdi. Bu barada Portugaliýanyň futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Sentýabr aýynyň ahyrynda 41 ýaşly Ronaldu futbolça esasy düzümde ýer kepillendirmedik baş tälimçi Žorže Žezuşyň metbugat maslahatyndan soň Portugaliýanyň ýygyndysynyň ýerleşýän ýerini özbaşdak terk edipdi. Hüjümçi 27-nji sentýabrda Milletler ligasynyň Norwegiýanyň topary bilen geçirilen duşuşygynda (2:1) ätiýaçlykda galyp, meýdança çykmady. Soňra onsuz portugallar daniýalylary utdy (4:2) we ýene-de norwegiýalylardan üstün çykdy (2:1).

Şondan soň Ronaldu sosial torlarda hat ýerleşdirip, onda Žezuş bilen bolan ylalaşyklar we tälimçiniň olary bozandygy barada gürrüň berdi.

Portugaliýanyň Futbol federasiýasynyň Düzgün-nyzam geňeşi Ronaldu babatdaky aýyplamany esasly diýip ykrar etdi. Beýanatda futbolçynyň düzgün-nyzamyny bilkastlaýyn we bir gezek bozandygy bellenilýär.

Milli ýygyndynyň nobatdaky duşuşygynyň 14-nji noýabra meýilleşdirilendigini, wakanyň bolsa 30-njy sentýabrda bolup geçendigini nazara alsak, Ronaldu Portugaliýanyň ýygyndysynyň eýýäm öňümizdäki duşuşyklaryna gatnaşyp biler.

Kriştianu Ronaldu Portugaliýanyň düzüminde Ýewropanyň çempiony we Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisidir.