«Real» ýene La Liganyň ýolbaşçysynyň işden boşadylmagyny we derňew geçirilmegini talap edýär

Düýn, 20:302,095

Madrid şäheriniň «Real» futbol kluby La Liganyň prezidenti Hawýer Tebasyň Ispaniýanyň futbol çempionatynyň ýolbaşçysy we Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň (RFEF) wise-prezidenti wezipelerinden derhal boşadylmagyny talap etdi.

Dawanyň ýitileşmegine Hawýer Tebasyň «Real Madridiň» klub teleýaýlymy bolan Real Madrid TV-niň iş usullaryny nasist Germaniýasynyň wagyz-nesihat ministri Ýozef Gebbelsiň ulanýan tärlerine deňemegi sebäp boldy.

«Real Madridiň» ýolbaşçylary öz resmi beýanatynda Tebasyň sözlerini berk ýazgardylar:

«Real Madrid» Ispaniýanyň futbolynda iki sany möhüm wezipäni eýeleýän adamyň klubumyzy, onuň ýolbaşçylaryny we teleýaýlymyny abraýdan düşürmek üçin nasist düzgüniniň wagyz-nesihat usullary bilen deňeşdirmegini düýbünden ýol berilmesiz we örän çynlakaý garalmaly ýagdaý hasaplaýar. Tebasyň öz diýen sözleri bilen nasist ideologiýasyny göz öňünde tutmandygyny aýtmagy-da, onuň kemsidiji we ahlak taýdan kabul ederliksiz häsiýetini üýtgetmeýär. Şeýle sözler ýokary wezipeli adama asla gelişmeýär». 

«Realyň» ýolbaşçylary Tebasyň şeýle çykyşlarynyň onuň eýeleýän wezipelerine uslyp däldigini nygtaýarlar. Şeýle hem bu ýagdaý onuň futbol dolandyryşynda ähli klublara deň we bitarap garaýyşda bolmalydygy baradaky talaby ýerine ýetirmeýändigini-de görkezýär.

Tebas ozal Real Madrid TV-niň iş usullaryny tankytlapdy. Onuň nägileligine teleýaýlymyň eminleriň goýberýän ýalňyşlyklaryny yzygiderli ara alyp maslahatlaşmagy we «Realyň» oýunlarynyň öňüsyrasynda eminleriň hereketleri barada dürli maglumatlary ýaýratmagy sebäp bolupdy.

Tebas bu tejribäni  ýanjaý-ýanjaý adamlaryň aňyna belli bir pikiri siňdirip, garşydaşy duşman hökmünde görkezmek üçin ulanylýan wagyz usullary bilen deňeşdirdi. Emma ol bu deňeşdirmäniň nasist ideologiýasyna degişli däldigini aýratyn nygtady.

Dawanyň ýene bir sebäbi «Negreýra işi» diýlip atlandyrylýan derňew bilen bagly. Bu iş «Barselona» futbol klubunyň birnäçe ýylyň dowamynda Hose Mariýa Enrikes Negreýranyň salgysyna geçiren töleglerine degişli. Negreýra şol döwürde Ispaniýanyň Eminler komitetiniň wise-prezidenti bolup işleýärdi. Derňewiň esasy maksady bu tölegleriň näme sebäp bilen geçirilendigini we olaryň futbol ýaryşlarynyň adalatlylygyna täsir edip-etmändigini anyklamakdan ybarat.

«Real» bu mesele boýunça degişli guramalaryň ýeterlik çäre görmeýändigini öňe sürýär. Klubuň beýanatyna görä, Hawýer Tebasyň ýolbaşçylyk edýän iki guramasy-da «Negreýra işi» boýunça ýagdaýa çynlakaý göz bilen garamandyr.

«Şeýle ýagdaýda klubumyz UEFA göni ýüz tutmaga mejbur boldy. Biz «Barselonanyň» Eminler komitetiniň wise-prezidentine ençeme ýyllap geçiren tölegleriniň ähli ýagdaýlarynyň doly we aç-açan anyklanmagyny, şeýle hem futbol ýaryşlarynyň adalatlylygyny üpjün etmek üçin zerur çäreleriň görülmegini talap etdik» diýlip, resmi beýanatda aýdylýar.

Mundan başga-da, «Real» Ispaniýanyň futbolyndaky eminlik ulgamynyň we dolandyryş düzümleriniň düýpli özgerdilmegini talap etdi. Klubuň pikiriçe, eminleriň işine gözegçilik etmek, düzgün-nyzam çärelerini görmek we futbol federasiýalarynyň işini dolandyrmak üçin jogapkär bolan düzümler hem täzeden gözden geçirilmelidir. «Real» Negreýranyň işlän döwründe jogapkär wezipelerde bolan adamlaryň çalşylmalydygyny hem öňe sürdi.

Şol bir wagtda Ispaniýanyň Ýokary sport geňeşi (CSD) Tebasyň aýdan sözleri boýunça derňew işiniň geçirilmelidigine seredýär. Tebas bolsa söz azatlygynyň adamyň kimdigine ýa-da haýsy kluba degişlidigine garamazdan deňdigini tutaryk edinýär. Şonuň ýaly-da, ol öz sözlerine baha berlende olaryň nähili ýagdaýda we haýsy manyda aýdylandygynyň göz öňünde tutulmagyny isleýär.

Tebas «Realyň» ençeme ýyl bäri dürli şikaýatlaryň we kazyýetiň üsti bilen özüni wezipesinden çetleşdirmäge birnäçe gezek synanyşandygyny ýatlatdy. Onuň aýdyşyndan çen tutsaň, Madrid klubunyň ýolbaşçylary bitaraplyk bilen garaşsyzlygy bir zat hasaplaýarlar. Şeýle hem ol «Realyň» hereketleriniň milli çempionatyň abraýyna we ösüşine zyýan ýetirip biljekdigini-de ýaňzytdy.

Tebas «Realyň» prezidenti Florentino Peresiň hem ozal eminleri açyk tankytlandygyny unutmandyr. Şonda Peres eminleriň hereketleri barada çykyş edip, käbir ýeňiş atlarynyň «ogurlanandygyny» öňe sürüpdi. Tebas muny agzamak bilen, şol çykyşlaryň hem hiç hili jezasyz galandygyny duýdurýar.