Madridiň «Realynyň» öňki goragçysy Daniel Karwahal karýerasyny «Hetafede» dowam etdirer. Klub 34 ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Ylalaşyk 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.
Transferden öň käbir bökdençlikler ýüze çykdy: ozal La Liga oýunçynyň zähmet hakynyň «Realdaky» ýylda, takmynan, 10 million ýewrodan «Hetafede» 400 müň ýewro çenli ep-esli peselmegi sebäpli transferi petikläpdi. Gizlin tölegleriň we salgytlardan gaçmagyň öňüni almak maksady bilen, şeýle çäklendirmeler liganyň ähli klublary üçin hereket edýär, ýöne kluba liganyň ýolbaşçylygy bilen meseläni çözmek we ispan futbolçysy bilen şertnamany resmileşdirmek başartdy.
Karwahal «Hetafä» geçen möwsüm tamamlanandan soň 2013-nji ýyldan bäri çykyş eden «Realyndan» gaýdyp, erkin agent hökmünde geçdi. Madrid klubunda çykyş eden döwründe goragçy 26 kubok, şol sanda La Liganyň dört çempionlyk titulyny we Çempionlar ligasynda alty ýeňiş gazandy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ol 52 duşuşyga gatnaşyp, bir gol geçirdi, şeýle hem Ýewro-2024-üň we 2022/23 möwsüminiň Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy.
Ispaniýanyň çempionatynyň häzirki tapgyrynyň sekiz duşuşygyndan soň, «Hetafe» sekiz utuk bilen ýaryş jedwelinde 14-nji orny eýeleýär.