KHBS: Mbappe «Liwerpula» geçmäge taýýar, «Real» bolsa Holandy we Olisäni transfer etmek isleýär

Şu gün, 16:222,651
1 / 2

Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe 2027-nji ýylyň tomsunda «Liwerpula» geçmäge taýýar. Şol bir wagtyň özünde madrid kluby hem öz düzümine täze oýunçy hökmünde Erling Holandy we Maýkl Oliseni çekmäge synanyşýar diýip, ispan metbugaty habar berýär.

Žurnalist Fransua Gallýardo «Liwerpulyň» eýýäm Mbappeniň ejesi hem-de wekili Faýza Lamari bilen habarlaşandygyny aýdýar. Habara görä, iňlis kluby fransiýaly hüjümçi üçin Premýer-liganyň beýleki toparlarynyň arasynda has ygtybarly bolup durýar.

Gallýardonyň aýtmagyna görä, Mbappe «Realdaky» topardaşlaryndan ýeterlik derejede goldaw duýmaýar. Bu bolsa futbolçyda oňaýsyzlyk döredýär.

Mbappe 2024-nji ýylyň tomsunda «PSŽ-den» erkin agent hökmünde gaýdyp, Madridiň klubuna geçdi. Onuň «Real» bilen şertnamasy 2029-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Fransiýaly hüjümçi «Real» üçin 111 duşuşyk geçirip, 94 gol saldy we 14 assist berdi.

Şol bir wagtyň özünde «Real» «Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holandy we «Bawariýanyň» hüjümçisi Maýkl Oliseni transfer etmäge ymtylýar. El Nacional neşiri bu transferleriň ikisiniň-de 2027-nji ýylda amala aşyrylyp bilinjekdigini belleýär.

Holand «Mançester Sitidäki» geljeginiň näbelliligi sebäpli, «Reala» geçmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýar. Häzirki wagtda «şäherliler» maliýe düzgünleriniň bozulmagy bilen baglanyşykly çylşyrymly ýagdaýy başdan geçirýär.

Norwegiýaly futbolçy bilen «Barselona» hem gyzyklanýar. Emma katalon klubunyň maliýe çäklendirmeleri futbolçyny bellige almagy kynlaşdyryp biler. Neşirde bellenilişi ýaly, «Real» maliýe taýdan has durnukly ýagdaýda we şeýle uly transferi amala aşyrmaga taýýar.

Olise bolsa «Bawariýa» bilen täze şertnamasynda öwez tölegi baradaky ýörite şertiň girizilmegini isleýär. Bu tölegiň möçberiniň, takmynan, 200 million ýewro bolmagy ähtimal.