UEFA-nyň Milletler ligasynyň 2026/27 möwsüminde ýeňiş ugrunda göreşini dowam etdirjek ähli ýygyndylar belli boldy. Çärýek finala soňky ýollanmany Norwegiýa gazandy we ýaryşyň bu tapgyrynda çykyş etjek ýedi ýygynda goşuldy.
Utulan-çykdy tapgyrynda Norwegiýadan başga-da Fransiýa, Belgiýa, Germaniýa, Niderlandlar, Angliýa, Ispaniýa we Portugaliýa çykyş eder. Bu sekiz ýygyndynyň ählisi elit diwizionyň dört toparynda ilkinji iki orny eýeledi.
Çärýek finalyň bijesi 20-nji noýabrda çekiler. Bu tapgyryň ilkinji duşuşyklary 2027-nji ýylyň 25–27-nji martynda, jogap duşuşyklary bolsa 28–30-njy martda geçiriler.
Ýarym finallar, üçünji orun ugrundaky duşuşyk we final iýun aýynda geçiriler. Möwsümiň jemleýji tapgyry 9–13-nji iýuna meýilleşdirilýär.
Milletler ligasy UEFA tarapyndan 2018/19 möwsüminden bäri geçirilýär. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi Portugaliýanyň ýygyndysydyr. Geçen möwsümiň finalynda portugaliýalylar Ispaniýa bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar we soňra penalti urgularynda 5:3 hasabynda ýeňiş gazandylar.
Milletler ligasynyň netijeleri 2028-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyry bilen hem baglanyşykly.