Argentinaly hünärmen Maurisio Poçettino Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň baş tälimçisi boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy mälim etdi.
54 ýaşly Poçettino täze wezipesine 18-nji noýabrda girişer. Žurnalist Dewid Ornşteýniň berýän maglumatyna görä, onuň bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýylyň tomsuna çenli hereket eder.
Ol bu wezipede kanagatlanarsyz netijeleri sebäpli wezipesinden boşadylan iňlis hünärmeni Maýkl Karrigiň ornuny eýeledi.
Argentinaly tälimçiniň soňky işlän ýeri ABŞ-nyň milli ýygyndysydyr. Onuň ýolbaşçylygynda topar dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna çykdy we şol tapgyrda Belgiýanyň ýygyndysyndan ýeňildi.The Athletic neşiriniň habar berşi ýaly, «Mançester Ýunaýted» Poçettinonyň geçmegi üçin ABŞ-nyň Futbol federasiýasyna, takmynan, 10 million dollar möçberinde öwez tölegini töledi.
Mundan öň Maurisio Poçettino Ispaniýanyň «Espanýol», Angliýanyň «Sauthempton», «Tottenhem Hotspur» we «Çelsi», şeýle-de Fransiýanyň PSŽ klublaryna tälimçilik etdi. Ol «Tottenhem» bilen Çempionlar ligasynyň finalyna çykmagy başardy, PSŽ bilen bolsa Fransiýanyň çempiony boldy.
Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 10 tapgyryndan soň «Mançester Ýunaýted» 8 utuk bilen ýaryş jedwelinde 18-nji orunda barýar. Klub häzirki wagtda Angliýanyň ikinji derejeli diwiziony bolan Çempionşipe düşmek howpy abanýan klublaryň hatarynda. Topar şu wagta çenli bir ýeňiş gazandy, bäş gezek ýeňildi we dört duşuşygy deňme-deň tamamlady.