«Realyň» öňki hüjümçisi Raul ispan klubunyň baş tälimçisi boldy

Şu gün, 10:161,874

Madridiň «Real» klubunyň öňki hüjümçisi Raul Ispaniýanyň ikinji diwizionynda (Segunda) çykyş edýän «Real Owiedonyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Ol klub bilen 2028-nji ýylyň iýun aýyna çenli şertnama baglaşdy.

Hünärmen duşenbe güni wezipesinden boşadylan Hulian Kaleroň ornuna geçdi. Segundanyň 13 tapgyryndan soň «Real Owiedo» ýaryş jedwelinde dokuzynjy orunda barýar.

49 ýaşly Raul üçin bu uly ýaşly futbolçylardan düzülen klub toparynyň baş tälimçisi hökmünde ilkinji işi bolar. 2019–2025-nji ýyllarda ol «Realyň» ulgamynda işledi – ilki U-19 toparyna, soňra bolsa Madridiň klubunyň ätiýaçlyk topary bolan «Kastilýa» tälimçilik etdi. Raul bu topardan 2025-nji ýylyň maýynda gitdi.

«Real Owiedo» klubunyň sosial ulgamlarynda çap edilen ýüzlenmesinde Raul futbolçylarynyň zehinine hormat goýjakdygyny, şol bir wagtyň özünde olardan ähli güýjüni gaýgyrmazlygy, duşuşygyň ilkinji minutyndan soňky minudyna çenli ýeňiş üçin göreşmegi talap etjekdigini aýtdy.

Raul futbolçy döwründe «Realyň» düzüminde 741 duşuşyk geçirip, 323 gol salypdt. Ol Madridiň topary bilen Çempionlar ligasynyň üç gezek, Ispaniýanyň çempionatynyň bolsa alty gezek ýeňijisi boldy. «Realdan» gidenden soň ispaniýaly futbolçy Germaniýanyň «Şalke», Kataryň «Al-Sadd» we ABŞ-nyň «Nýu-Ýork Kosmos» toparlarynda çykyş etdi.

Raul Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 102 duşuşyk geçirip, 44 gezek tapawutlandy.