Tennisçi Nadal «Realyň» ýolbaşçylar düzümine goşular we hatda prezident bellenip biler

Düýn, 07:344,637

«Real Madrid» futbol klubunyň müdirler geňeşi Rafael Nadalyň geňeşiň agzalarynyň biri hökmünde bellenilmegini delegatlaryň umumy ýygnagynyň garamagyna hödürlemek barada netijä geldi. Öňki ispaniýaly tennisçi klubuň köpden bäri janköýeri we hormatly agzasydyr.

«Realda» Nadalyň sport üstünlikleri aýratyn bellenilip, onuň pespälliginiň, bäsdeşlerine bolan hormatynyň we haýyr-sahawat işlerine ygrarlylygynyň klubuň özboluşlylygyny şöhlelendirýändigi nygtaldy.

Tennisçiniň özi bu çakylygy uly şatlyk bilen kabul edendigini aýtdy.

«Madridiň “Realynyň” müdirler geňeşiniň düzümine girmek baradaky çakylygy üçin prezident Florentino Perese we müdirler geňeşine minnetdarlyk bildirýärin. Men bu çakylygy uly hyjuw bilen, täze zatlary öwrenmek we mümkin boldugyndan öz goşandymy goşmak islegi bilen kabul etdim» diýip, ol sosial torlarda ýazdy.

Ozal Reuters agentligi Nadaly «Realyň» prezidenti Florentino Peresiň mümkin bolan mirasdüşeri diýip atlandyrypdy. Ispaniýaly türgeniň özi hem geljekde kluba ýolbaşçylyk etmek mümkinçiligini aradan aýyrmaýandygyny boýun aldy.

Nadal 40 ýaşynda, onuň hasabynda Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) ýaryşlarynda gazanylan 92 titul, şol sanda «Uly tuwulga» ýaryşlarynda 22 ýeňiş bar. Ol iki gezek Olimpiýa çempiony boldy: 2008-nji ýylda ýekelikdäki ýaryşda, 2016-njy ýylda bolsa Mark Lopes bilen bilelikde ýeňiş gazandy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ol bäş gezek Dewis Kubogynyň eýesi boldy (2004, 2008, 2009, 2011, 2019). Ispaniýaly türgen umumylykda 209 hepdeläp ATP reýtinginiň başyny çekdi.

Nadal tennis karýerasyny 2024-nji ýylyň 19–24-nji noýabry aralygynda Malagada geçirilen Dewis Kubogyndan soň tamamlady. Geçen ýyl Ispaniýanyň patyşasy Filipp VI Nadala markiz diýen asylzada titulyny berdi. Şeýle hem ol Ispaniýanyň «Sport hyzmatlary üçin» patyşalyk ordeniniň eýesidir.