Golaýlap gelýän «Murasu» siklony sebäpli Hindistanda 30 müň adam öýüni terk etmeli bolar

Düýn, 23:031,244
1 / 4

Hindistanyň Andhra-Pradeş ştatynda «Мurаsu» siklonynyň golaýlaşmagy sebäpli iň ýokary — gyzyl derejeli howp yglan edildi. Sebitdäki adatdan daşary ýagdaýlar boýunça müdirligiň habar bermegine görä, häkimiýetler 30 müňe golaý adamy howpsuz ýerlere göçürip başlady.

Sinoptikleriň çaklamagyna görä, siklon 3-nji noýabra geçilýän gije gury ýere aralaşar. Ýeliň tizliginiň sagatda 100–110 kilometre, möwjän wagtynda bolsa 120 kilometre çenli ýetmegine garaşylýar. Tebigy hadysa Andhra-Pradeşden başga-da Tamilnad we Odişa ştatlaryna hem täsir eder.

Amatsyz howa şertleriniň döredýän howpy zerarly käbir şäherleriň mekdeplerinde okuwlar wagtlaýyn togtadyldy. Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gulluklar ilaty goramak we siklonyň mümkin bolan netijelerine taýýarlyk görmek üçin zerur çäreleri amala aşyrýar.