Taýwanda «Çampi» taýfuny sebäpli ejir çekenleriň sany 527 adama ýetdi, bir adam aradan çykdy. Bu barada Reuters ýerli ýangyn söndüriji gullugyna salgylanyp habar berýär.
Taýfun 24-nji oktýabr güni irden adanyň demirgazyk-gündogar kenarynyň golaýyndan geçdi. Taýwanyň Merkezi meteorologiýa müdirliginiň maglumatyna görä, tupan adanyň gündogar tarapynda, takmynan, 150 kilometr uzaklykda möwç aldy, onuň merkeziniň golaýynda ýeliň tizligi sagatda 126 kilometre ýetdi.
Güýçli çabgaly ýel agaçlary köki bilen goparyp, 167 müňden gowrak öýi elektrik energiýasyz galdyrdy. Soňra elektrik üpjünçiligini zyýan çeken sebitleriň köpüsinde dikeltmek başartdy.
Amatsyz howa şertleri sebäpli awiakompaniýalar 242 uçuşy ýatyrdy. Taibeýde we adanyň demirgazyk hem-de merkezi sebitleriniň beýleki ýerlerinde mekdepler we edaralar yzly-yzyna iki günläp ýapyk boldy.
Meteorologlaryň çaklamasyna görä, «Çampi» demirgazyga, Hytaýyň kenarlaryna tarap hereket etdigiçe gowşar. Soňra bolsa Ýaponiýanyň günortasyna tarap süýşer.
«Çampi» Ýuwaş ummanyň günbatar böleginde emele gelip, 18-nji oktýabrda supertaýfun derejesine ýetdi. Gonkong obserwatoriýasynyň maglumatyna görä, 21-nji oktýabrda onuň merkeziniň golaýynda ýeliň hemişelik tizligi sagatda 250 kilometre ýetipdi. 24-nji oktýabra çenli tupan taýfun derejesine çenli gowşady.