Aşgabatda «Ene-Tebigat» atly halkara sungat sergisi açyldy

Düýn, 21:403,348
1 / 13

20-nji oktýabrda Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmagynda «Ene-Tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistana Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa gelipdi. Şu gün bolsa Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Özbegistanyň Prezidentiniň Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewany mähirli garşylady. Taraplaryň arasynda geçirilen gysga wagtlyk söhbetdeşlikde bu saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigi bellenildi.

Soňra «Oguzkent» myhmanhanasynda Oguljahan Atabaýewanyň, Leýla Aliýewanyň we Saida Mirziýoýewanyň üçtaraplaýyn duşuşygy boldy. Onuň dowamynda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ynsanperwer ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi, bu ýurtlary umumy kökleriň we ruhy-medeni gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygy bellenildi.

Şeýle hem duşuşykda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hem-de ösüp gelýän ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini we tebigata söýgi duýgusyny kemala getirmek meseleleri boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň bu ugurda dünýä nusgalyk işleri bitirýändigi aýratyn nygtaldy.

Üçtaraplaýyn duşuşykdan soň, taraplar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna bardy. Onda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew gaznasy tarapyndan guralan «Ene-Tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdy.

Oguljahan Atabaýewa serginiň açylyş dabarasynda çykyş etmek bilen, bu çäräniň halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde, milli gymmatlyklary özara baýlaşdyrmakda we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle-de sungat sergisiniň esasy mowzugy barada söz açyp, adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygyň durnukly ösüşiň aýrylmaz şertidigini belledi.

Şeýle-de ol çagalaryň tebigata bolan söýgüsini ösdürmegiň, olarda daşky gurşawa jogapkärçilikli garaýşy kemala getirmegiň we tebigy baýlyklaryň gadyryny bilmegi öwretmegiň geljege gönükdirilen möhüm maýa goýumdygyna, şonuň üçin ýaş nesliň arasynda ekologik sowatlylygy ýokarlandyrmagyň, olary tebigaty goramak işlerine işjeň çekmegiň möhüm ähmiýete eýedigine aýratyn ünsi çekdi.

Leýla Aliýewa öz çykyşynda häzirki serginiň döwrüň möhüm meselelerini çözmekde halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine we bu ugurda täze başlangyçlaryň hem-de bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň ýol açjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra dabaraly ýagdaýda serginiň toý bagy kesildi. Bu ýerde myhmanlar doganlyk ýurduň ussat suratkeşleriniň we dizaýnerleriniň saýlama eserleri, tebigatyň gözelligini we daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi beýan edýän sungat eserleri, şeýle hem türkmeniň gadymy «üme» däbi we milli gymmatlyklary bilen tanyşdy.

«Ene-Tebigat» halkara sungat sergisi 30-njy noýabra çenli öz işini dowam eder.