Haýwanlaryň durmuşyndan pursatlar: Siena International Photo Awards 2026-yň finalçylary

Düýn, 17:012,900
1 / 15

Siena International Photo Awards 2026 halkara bäsleşiginiň emin agzalary «Haýwanlar tebigy ýaşaýyş gurşawlarynda» kategoriýasyndaky iň gowy işleri yglan etdiler.

Fotosuratçylar ýabany haýwanlaryň durmuşyndaky seýrek pursatlary, aw edýän pumadan başlap, Arktika buzlarynyň arasynda ukuda ýatan ak aýa çenli surata düşürdiler.

Birinji orun – «Ýaşaýyş ugrunda darkaş» / © Kevin Shi

Ýabany tebigatyň fotosuratçysy Kewin Şi ene puma bilen guanakonyň arasyndaky göreşi surata düşürdi. Suratçy birnäçe günläp pumany yzarlap gezdi, ol öz eklenjindäki iki çagany terbiýeleýärdi. Daň atan çagy puma öz awynyň kastyna çykyp, hüjüme geçdi, haýwany ýere ýykyp, boýnundan agyz urmaga synanyşdy. Pumanyň gaýta-gaýta synanyşyklaryna garamazdan, guanako gaçyp gutulyp bildi.

Ikinji orun — «Dag gerişleri» / © Marco Gaiotti

Gelada (Theropithecus gelada) Günüň batyp barýan çagy Efiopiýanyň daglyk ýerinde gaýanyň üstünde otyr. Bu primat diňe Efiopiýada duş gelýär. Ony erkek geladalaryň döşündäki häsiýetli gyzyl reňkli tegmili üçin «ganjarýan babuin» diýip hem atlandyrýarlar, bu onuň saglygynyň we agalyk edýändiginiň alamaty bolup hyzmat edýär.

Geladalar diňe ot bilen iýmitlenýän ýeke-täk primatlardyr, olar ony barmaklary bilen ussatlarça ýolup alýarlar.

Üçünji orun — «Ukudaky gözel» / © Felix Belloin

2025-nji ýylyň tomsunda Feliks Belluen Şpisbergeniň demirgazygynda Arktika buzlarynyň arasynda gämide barýarka, uzakdaky buz eňňidende bir topbak sütük gördi. Suratçy öz dronuny uçuryp, doýgun gök reňkli buz toplumynyň ýanyndaky çöketlikde süýji ukuda ýatan ak aýyny (Ursus maritimus) tapdy. Haýwany biynjalyk etmezlik üçin, ol dronuny ýokary belentlikde saklap surata düşürensoň, seresaplylyk bilen enjamyny ol ýerden aýyrdy.

Sebitde howanyň maýlamagy deňiz buzuny barha ýukaldýar, bu hem ýabany haýwanlar bilen duýdansyz duşuşyklaryň sebäbi bolup biler.

Eminleriň ýokary bahasy — «Bortdaky körpe» / © Douglas Gimesy

Çal kelleli uçýan ene tilki Melburnyň golaýyndaky koloniýada agaçlaryň arasyndan öz çagasyny göterip uçup barýar. Çagalar agramlary artýança, enesinden aslyşyp gezýärler. Soňra eneleri olary agaçda, beýleki çagalarynyň arasynda daň atýança goýup gidýärler.

Eminleriň ýokary bahasy — «Uçuda bökmek» / © Bence Maté

Wengriýanyň Kişkunşag milli seýilgähindäki kiçeňräk howuzda garlawaçlar uçup baryşlaryna ýüzugra çüňklerini degrip, suw içip geçýärler. Suratçy tarapyndan düşürilen pursatda batgalyk gurbagasy suwdan böküp çykyp, geçip barýan guşuň garşysynda peýda bolýar.

Eminleriň ýokary bahasy — «Gurbaga oýunlary» / © Amit Eshel

Dünýäde it maşgalasynyň iň seýrek gabat gelýän wekili bolan efiopiýa möjeginiň çagasy gurbagany ýokary zyňyp oýnaýar, onuň bolşy, göýä, gurbaganyň böküşini gaýtalamak isleýän ýaly. Şeýle oýunlar möjek çagalarynyň hereket sazlaşygyny ösdürmäge, aw awlamak endiklerini özleşdirmäge we süriniň agzalary bilen özara gatnaşykda bolmagy öwrenmäge kömek edýär. Bu, esasanam, süýtden aýrylyp, et bilen iýmitlenmäge geçilýän döwürde möhümdir.

Eminleriň ýokary bahasy — «Marko Polo» / © Shaun Downey

Adaty bolmadyk rakursdan alnan surat Ýuwaş ummanynyň kenarynda goňur aýy bilen nerka balygynyň arasyndaky özara gatnaşygy görkezýär. Iki haýwan hem diri galmak üçin öz duýgularyna daýanýar, ýöne hersiniň maksady başga. Aýy golaýynda lososyň bardygyny duýýar, ýöne aýgytly hüjüm etmek üçin onuň ýerleşýän ýerini takyk anyklap bilenok.

Eminleriň ýokary bahasy — «Tokaý sergezdany» / © Charlie Wemyss-dunn

Zimbabwedäki Mana-Puls milli seýilgähindäki Albida tokaýlygynda aýlanyp ýören pil. Ol beýleki iýmit çeşmeleriniň ýetmezçilik edýän döwründe möhüm iýmite öwrülýän Albida agajynyň azyklyk kösüklerini gözleýär.

Eminleriň ýokary bahasy — «Afrikanyň üçeginde» / © Amit Eshel

Erkek gelada gaýanyň uçudynda gezip ýören iki çagasyny gözden salman ýörşüne, asudalyk bilen otlaýar.

Eminleriň ýokary bahasy — «Buzda doglanlar» / © Sunita Mandal

Ene ak aýy iki çagasyny ýeliň ýasan gardan hininiň agzynda penalaýar. Gaçybatalgadan çykan ilkinji hepdelerinde, ene aýy we çagajyklary sowukdan goranmak üçin biri-birine pugta gysmyljyraşýarlar. Maýyl günleriň golaýlaşýan we deňiz buzlarynyň eräp başlajak pursatlary ýakynlaşýan günlerde olaryň durmuşy şeýle başlaýar.

Bäsleşigiň beýleki finalçylarynyň suratlaryny şu ýerden görüp bolýar.