Biologik köpdürlüligiň ýitmegi, klimatyň üýtgemegi, çölleşme we ýerleriň zaýalanmagy ekologik howpsuzlyga hem-de ýurtlaryň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýän özara baglanyşykly ugurlardyr. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu meseleleri şu gün Ýerewanda BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň (COP17) çäginde geçirilen Liderler sammitinde gozgady. Bu barada «Armenpress» agentligi habar berýär.
Döwlet Baştutany öz çykyşynda Garagum çölünden başlap, Köpetdag we Köýtendag daglaryna hem-de Hazar deňziniň kenaryna çenli Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamagyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy we yzygiderli çäreleri talap edýändigini belledi. 2026–2035-nji ýyllar üçin biologik köpdürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýa aýratyn goralýan tebigy çäkleri ösdürmegi, ekologiýa gözegçiligini we haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň seýrek duş gelýän görnüşlerini goramagy göz öňünde tutýar.
Türkmenistan Hazar we Aral deňizleriniň ekoulgamlaryny gorap saklamaga, çölleşmä garşy göreşmäge we BMG hem-de ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berýär. Şeýle hem ýurt Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegiň we Aşgabat howa dialogyny ilerletmegiň tarapynda çykyş edýär.
Serdar Berdimuhamedow tebigaty goramak boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ösüp barýan ýurtlaryň maliýeleşdirmä we döwrebap tehnologiýalara elýeterliligini giňeltmegiň zerurdygyny nygtady. Prezident döwrebap tebigaty goraýyş we sanly tehnologiýalary bermek, şeýle hem klimatyň üýtgemeginiň netijelerine garşy durmaga ukyply durnukly infrastrukturany ösdürmek maksady bilen halkara goldawyny işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.
Ol COP17-niň halkara hyzmatdaşlygyna we biologik köpdürlüligi gorap saklamak boýunça borçnamalary ýerine ýetirmäge goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdi.
«Biologik köpdürlüligi gorap saklamak boýunça halkara tagallalaryň özeninde adalatlylyk, raýdaşlyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri durmalydyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.