Gurbanguly Berdimuhamedow we Oleg Kononenko ýaşlary kosmos ylmyna çekmegiň meselelerini maslahatlaşdy

Düýn, 17:005,012

10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, «Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş ylmy-barlag synag merkezi» federal döwlet býujet edarasynyň başlygy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko bilen duşuşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, myhman ýurtda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.

Oleg Kononenko dabaralara çakylyk we mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, doglan we önüp-ösen ýurdy bolan Türkmenistana hemişe uly tolgunma bilen gelýändigini, Watanynyň gazanýan üstünliklerine hem-de bagtyýarlyk derejesine çäksiz buýsanýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow älem giňişliklerini özleşdirmek hem-de onuň kuwwatyny Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň we ylym ulgamynyň möhüm ugurlaryny ösdürmek üçin peýdalanmak meseleleri barada söz açdy. Şunda türkmen ýaşlaryny bu ugurdaky gatnaşyklara çekmegiň, olaryň kosmos ylmyny özleşdirmegini we kämil inženerçilik hünärlerini ele almagyny ýola goýmagyň wajypdygy bellenildi.

Oleg Kononenko bu babatda öz tarapyndan zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

«Dogduk Diýarymyzda taryhy ähmiýeti bolan başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak meniň üçin uly hormatdyr» diýip, myhman belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we kosmonawt Oleg Kononenko birek-birege hoşniýetli arzuwlary beýan edip, meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.