GDA ýurtlary kiberjenaýat yzlarynyň umumy maglumat bankyny döreder

Düýn, 16:371,840

Awazada GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde IT jenaýatçylygyna garşy göreşmek ulgamynda maglumat aragatnaşygyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna gol çekildi. Bu barada THP habar berýär.

Resminama jenaýatçylyga garşy göreşmegiň 2024–2028-nji ýyllar üçin Döwletara maksatnamasyny hem-de içeri işler ministrleriniň Geňeşiniň kiberhowplara garşy göreşmek boýunça Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde işlenip düzüldi.

Konsepsiýa Arkalaşygyň ýurtlarynyň hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikdäki işi üçin hukuk, guramaçylyk we ylmy-usuly esaslary kesgitleýär. Ol kadalaşdyryjy binýady kämilleşdirmegi, hünärmenleriň yzygiderli maslahatlaşmalaryny, bilelikdäki barlaglary geçirmegi we degişli tejribe alyşmagy göz öňünde tutýar.

Esasy amaly ädimleriň hatarynda jenaýatlaryň sanly yzlarynyň döwletara maglumat bankyny döretmek we olary çalt geçirmek üçin awtomatlaşdyrylan kanallary ornaşdyrmak bar. Mundan başga-da, GDA ýurtlary ýokary tehnologiýalar ulgamynda hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almaga gönükdirilen materiallaryň we iň gowy tejribeleriň umumy depozitarisini döreder.