ABŞ-nyň Tokaý gullugy ýurduň tokaýlarynda «Gar adamy» (Bigfoot) diýlip atlandyrylýan syrly jandar bilen ýüzbe-ýüz bolnandygy baradaky öň gizlin saklanan döwlet resminamalaryny çap etdi.
Aslynda, «Bigfut baradaky ýazgylar» atly arhiw resminamalary 15-nji oktýabrda köpçülige ýetirilipdi, emma köpçülikleýin habar beriş serişdeleri muňa ýaňy-ýakynda üns berdiler.

Kaliforniýadaky Klamat tokaýyndaky Happy Camp düşelgesiniň girelgesinde oturdylan gar adamynyň metal heýkeli (Luis Sinko/ Getty Images)
Resminamalarda Montana we Waşington ştatlarynda bolup geçen, käbiri 1940-njy ýyllara degişli wakalar beýan edilýär. Olaryň arasynda 1982-nji ýylda Waşingtondaky Umatilla tokaýynda geçirilen barlagyň hasabaty hem bar. Onda tokaý gözegçisi Pol Friman bu jandary görendigini we onuň aýak yzlaryny tapandygyny öňe sürýär. Emma biolog we ABŞ-nyň serhet gullugynyň yzçy hünärmeni onuň sözlerini tassyklamaýar.
Beýleki iki resminamada Montana ştatynyň ýaşaýjylary tokaýdan gelip, geň-taň yzlary galdyrýan äpet jandarlar barada gürrüň berýärler.

Arhiw maglumatlary çap edilmezinden biraz öň, Tokaý gullugy Kaliforniýada «Bigfut siziň yzky howlyňyzda» ady bilen forum geçirdi. Onda gullugyň işgäri Keti Markes we arheolog Keti Streýn görlendigi çaklanylýan bu jandar baradaky maglumatlary gürrüň berdiler. Şeýle-de onda şaýatlaryň habar beren ýerleriniň kartasy görkezilip, jandaryň sesi diýlip çaklanylýan uwwuldyly audioýazgylar eştdirildi.
Keti Streýn Günbatar Sýerra-Newada sebitinde bigfuta ýüzbe-ýüz gabat gelnendigi baradaky 65 maglumatyň bellige alnandygyny habar berdi. Şeýle-de ol 2012-nji ýylda özüniň hem Oklahomada iki sany «tüýli ynsan şekilli jandary» görendigini aýdyp, Tuolumne etrabynda bigfut syýahatçylygyny ösdürmegi teklip etdi.
Bu resminamalaryň çap edilmegi, ABŞ-da uçýan näbelli enjamlar we beýleki adatdan daşary närseler boýunça gizlin arhiwleriň köpçülige aýan edilýän döwrüne gabat geldi.
Bellik: «Gar adamy» ýa-da bigfut — Demirgazyk Amerikanyň tokaýlarynda ýaşaýar diýlip çaklanylýan, ýöne bardygy ylmy taýdan subut edilmedik syrly jandaryň adydyr.