ABŞ-da awiauçuşlaryň togtadylmagynyň sebäbi belli boldy

Düýn, 22:093,948

Soňky maglumatlara laýyklykda, ABŞ-da 4 sagatlap dowam eden howa gatnawlaryndaky bökdençlige könelen mis kabelleriň optiki süýümli kabeller bilen çalşylmagynyň sebäp bolandygy anyklanyldy. Täze kabellere geçilmegi zerarly, howa hereketini dolandyrýan merkezleriň aragatnaşyk ulgamynda yzygiderli näsazlyk ýüze çykypdyr diýip, The New York Times neşiri habar berýär.

ABŞ-nyň ulag ministri Şon Daffiniň aýtmagyna görä, 13-nji noýabrda potratçy kompaniýa köne görnüşli mis simleri has döwrebap optiki süýümli kabeller bilen çalşypdyr. Işler kiçi we uzakda ýerleşýän desgada alnyp barlansoň, ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy müdirligi (FAA) onuň howa gatnawlaryna düýpli täsir eder öýtmändirler.

Ýöne täze optiki süýüme geçilenden soň, ulgam aşa köp gelen maglumatlar sebäpli öz işini ýerine ýetirip bilmändir we netijede, aragatnaşykda yzygiderli näsazlyklar ýüze çykyp başlapdyr. Şunlukda, ýurduň çägindäki ähli awiauçuşlary wagtlaýyn togtatmak kararyna gelnipdir.

The Wall Street Journal neşiriniň berýän habarynda ulgama aşa köp maglumat ýüklenmegine Arkanzas we Tehas ştatlarynda ýerleşýän iki sany aragatnaşyk merkeziniň sebäp bolandygy aýdylýar. Arkanzasda näsazlyk ýüze çykmazyndan biraz öň täze marşrutizator oturdylypdyr. Ol bolsa juda köp möçberde maglumat iberip başlapdyr.

«Biz bolup geçen ýagdaýa L3Harris kompaniýasynyň işgärleri dahyllymy ýa-da enjamlary gurnan hünärmenleriň goýberen säwligi sebäp boldumy, ýa-da bolmasa oturdylan marşrutizator näsaz ekenmi, muny entek takyk kesgitläp bilemizok. Häzirki wagtda onuň anyk sebäbini tapmaga synanyşýarys» diýip, Daffi žurnalistlere beren interwýusynda aýtdy.

Adatça, şeýle tehniki işler gijelerine geçirilýär. Ýöne bu gezek awiasiýa edaralarynyň wekilleri öz ýanlaryndan enjamlary gündiz täzeläniň bilen hem howa gatnawlaryna zyýan ýetesi ýok diýip hasap eden bolarly.

Ýüze çykan wakadan soň, Daffi ministrligiň şeýle tehniki işleri geçirmegiň tertibini täzeden gözden geçirjekdigini mälim edipdir.

Ýatladyp geçsek, 14-nji noýabrda ýüze çykan uly näsazlyk sebäpli, FAA ABŞ-nyň ähli howa menzillerinden awiauçuşlary wagtlaýyn togtadypdy. FlightAware gullugynyň maglumatyna görä, munuň netijesinde düýn 15 müňden gowrak uçuş gijikdirilip, bu gün bolsa ýene 700-den gowrak uçuş ýatyrylypdyr.