Gazagystanyň paýtagty Astanadaky «Atlant» ýaşaýyş toplumynyň köp gatly jaýyndan köçä tarap içi nagt dollar puldan doly 8 sany çemodan zyňyldy. Bu barada Tengrinews neşiri we Gazagystanyň beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri wakanyň şaýatlarynyň düşüren wideolaryna salgylanyp habar berýär.
Çemodanlaryň içinde, takmynan, 80 million dollaryň bolandygy aýdylýar.
Gazagystanyň hukuk goraýjy edaralary ýaşaýyş toplumynyň golaýyndan tapylan pullar barada häzirlikçe resmi düşündiriş bermediler. Emma bu wakanyň «Samruk-Kazyna» gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Nurlan Žakupowyň we milli demir ýol kompaniýasy «KTŽ-niň» ýolbaşçysy Ýelžas Otynşiýewiň korrupsiýa bilen bagly iş boýunça tussag edilmegi bilen baglanyşykly bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar. «KTŽ» kompaniýasynyň edarasy hem hut «Atlant» ýaşaýyş toplumynyň golaýynda ýerleşýär. Şeýle-de bolsa, habaryň çap edilen wagtynda çemodanlardaky pullaryň, hakykatdan-da, bu wakalara dahyllydygy resmi taýdan tassyklanmady.