Alpinistiň 63 ýyl ozal buzlukda taşlan goştorbasy tapylyp, eýesine gaýtaryldy

Düýn, 16:464,819

Awstriýaly alpiniste 63 ýyldan soň, buzlugyň jaýrygynda galdyran goştorbasyny we daga dyrmaşmak üçin zerur esbaplaryny yzyna gaýtaryp berdiler. Häzir bu zatlaryň eýesi 86 ýaşynda eken diýip, The Guardian habar berýär.

Goştorbany iýul aýynda Awstriýanyň Tirol sebitindäki Zülztalferner buzlugynda, takmynan, 2955 metr belentlikden bir syýahatçy tapdy. Onuň içinden buz paltasy, fotoapparat we şybyk çykdy. Bular 1950-1960-njy ýyllara degişli zatlar bolmaga çemeli.

Tapyndy bilen polisiýa gyzyklandy. Onlarça ýyllaryň dowamynda resminamalar zaýalanyp gidipdir. Muňa garamazdan, saklanyp galanja bölekleriň üsti bilen hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri torbanyň eýesiniň kimdigini anyklap bildiler.

Waka 1963-nji ýylyň awgust aýynda bolupdyr. Alpinist dostlary bilen buzlukdan geçip barýarka, çuň jaýryga gaçypdyr. Topardaky ýigitler bir ýüpe daňylgy ýagdaýda bilelikde hereket edip barýandygy üçin ýoldaşlary ony çekip çykaryp bilipdirler. Agramyny ýeňletmek we howply ýerden sag-aman çykmak üçin ol kişi goştorbasyny arkasyndan çykaryp, aşak taşlapdyr.

Altmyş ýyldan gowrak wagt geçensoň, buzluklaryň eremegi bilen bu zatlar ýeriň üstüne çykdy. Alpinistiň özüniň ýarawsyzlyk sebäpli indi daga gitmäge ýagdaýy ýok, şonuň üçin polisiýa goştorbany onuň ogluna gowşurdy.

Ýewropa buzluklary yza çekildigisaýy, şeýle tapyndylar barha köpelýär. Alp daglaryndaky buzuň astyndan eýýäm Birinji Jahan urşundan galan zatlar, şol sanda esgerleriň galyndylary we geçmişiň beýleki subutnamalary tapylyp ugrady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.