Halkara alymlar topary ýarym asyra golaý wagt bäri (1970-nji ýyllardan 2023-nji ýyla çenli) dowam edýän 27 sany sputnik missiýasynyň we 42 sany garaşsyz bahalandyrmanyň maglumatlaryny birleşdirdi. Barlagyň netijeleri agzalan döwürde Grenlandiýanyň we Antarktidanyň 11,309 ± 565 milliard tonna buz ýitirendigini görkezdi.
Bu deňiz derejesini eýýäm 31,4 ± 1,6 mm ýokarlandyrdy diýip, Scientific Data žurnalynda çap edilen ylmy makalada aýdylýar.
Buz örtüginiň ýok bolmagynyň esasy sebäbi üstki gatlagynyň eremegi däl-de, olaryň hereketiniň tizleşmegi we buz bölekleriniň gönüden-göni deňze dökülmegidir.
"Buz gatlagyny ýuwaşlyk bilen kenara tarap hereket edýän ägirt uly doňan massa hökmünde göz öňüne getirmek bolar. Onuň gyralarynda buzlugy ýuwaş-ýuwaşdan ummana tarap daşaýan buzluklar, ýagny özboluşly "akymlar" bar. Şunuň ýaly buzluklar has çalt hereket edip başlanda, deňze örän köp buz dökülýär. Bu prosese dinamiki massa ýitgisi diýilýär" diýip, alymlar düşündirdi.
Bu dinamiki ýitgi ähli ýitgileriň 84%-ini, üstki gatlagyň eremesi bolsa diňe 16%-ini düzdi. Bu proses buzluklaryň gyralarynyň ýyly umman suwlary tarapyndan köwülmegi bilen baglanyşyklydyr.
Eremäniň tizligi 1990-njy ýyllardan bäri ep-esli ýokarlandy. 1980-nji ýyllarda Grenlandiýa ýylda, takmynan, 60 milliard tonna buz ýitirýän bolsa, 2010-njy ýyllarda ol 264 milliard tonna ýetdi. Antarktidada bu görkeziji ýylda 48 milliard tonnadan 202 milliard tonna çenli ýokarlandy, esasy ýitgiler Günbatar Antarktidada hem-de Tueýts we Paýn-Aýlendiň buzluklarynda boldy.
Alymlar Gündogar Antarktidada gar ýagmagy sebäpli 2020-2023-nji ýyllarda ýitgileriň birsalym haýallamagyny diňe wagtlaýynça üýtgeşme diýip hasaplaýar. Ýewropa Kosmos Agentliginiň maglumatlaryna görä, deňiz derejesiniň soňky ýokarlanmasy eýýäm 6 milliondan 9 milliona çenli kenarýaka ilatyna her ýyl suw joşmasy we eroziýa howpuny salýar.