BMG-ni klimatyň üýtgemegini adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etmäge çagyrdylar

Düýn, 19:022,652

Lancet Countdown atly ýyllyk hasabatyň awtorlary BMG-niň düzümlerini we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyny klimatyň üýtgemegini global derejedäki adatdan daşary ýagdaýy hökmünde resmi taýdan ykrar etmäge çagyrdylar.

Barlagçylaryň baha bermegine görä, howa krizisiniň adamlaryň saglygyna ýetirýän täsiri barha güýçlenýär, yssy howa bilen baglanyşykly ölüm hadysalarynyň sany bolsa artmagyny dowam etdirýär. Soňky onýyllyklarda bu görkeziji 36 göterim ýokarlandy.

Hasabatda 2016-njy ýyldan bäri howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleriň we onuň ýaramaz netijeleriniň, öňki onýyllyk bilen deňeşdirilende, has çalt artýandygy bellenilýär. Dünýä ilatynyň köpelmegi we garry adamlaryň paýynyň artmagy hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy gowşaklygy güýçlendirýän goşmaça şertler bolup durýar.

Krizisiň öňüni almak üçin gözlegçiler parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleri çaltlandyrmaga çagyrýarlar. Teklip edilýän çäreleriň hatarynda täze gazylyp alynýan ýangyç ýataklaryny gözlemek işlerini bes etmek, 2035-nji ýyla çenli kömür energiýasyndan ýüz öwürmek we ösümlik esasly iýmitler bilen iýmitlenmäge geçmek bar.

Şol bir wagtyň özünde, hasabatda oňyn özgerişlikler hem bellenilýär: köp ýurtlarda arassa energiýa çeşmelerine goýulýan maýa goýumlar artýar.