Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu häzirki türgenleriň arasynda umumy gazanjy 2 milliard dollara ýeten ilkinji türgen boldy. Bu barada «Forbes» žurnaly habar berýär.
Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, futbolçy 2026/27 möwsüminde klub bilen baglaşylan şertnamanyň çäginde 250 million dollar alar, ýene 50 million dollar töweregi girdejini bolsa futbolçynyň mahabat ylalaşyklary we biznes taslamalary getirer.
Neşir geljek ýylda 2 milliard dollar görkezijisine «Inter Maýami» klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messiniň hem ýetjekdigini çaklaýar. «Forbes-iň» baha bermegine görä, onuň umumy girdejisi 145 million ýewro deň bolar.
17-nji oktýabrda Ronaldunyň mineral suw önümçiligine 10 million ýewro maýa goýandygy mälim boldy. Suw çeşmeleri Bragansa munisipalitetinde ýerleşer. Zawodyň gurluşygyny 2027-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak, 2028-nji ýylda bolsa işe girizmek meýilleşdirilýär.
Adatça, «umumy gazanç» diýlip, salgytlar tutulmazdan öňki girdejiler — klub şertnamalary boýunça zähmet haklary we bonuslar, mahabat ylalaşyklaryndan we ygtyýarnama şertnamalaryndan, şeýle-de hususy biznes taslamalardan gelen girdejiler we maýa goýum girdejileri göz öňünde tutulýar. Neşir bu görkezijileri jemlemek üçin açyk şertnama maglumatlaryny, hyzmatdaş kompaniýalaryň hasabatlaryny we hünärmenleriň baha bermelerini peýdalanýar.