ÇL-de bu iki oýun kän adamy ukusyz goýar: «PSŽ» — «Barselona», «Bawariýa» — «Arsenal»

Şu gün, 15:091,354
1 / 5

Şu gün, 20-nji oktýabrda UEFA Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň umumy tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň çäginde esasy oýunlaryň biri bolar. Pariždäki «Park de Prens» stadionynda «PSŽ» bilen «Barselona» duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar.

«PSŽ» Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisidir — geçen 2025/2026 möwsüminiň finalynda parižliler «Arsenal» toparyny utupdy (1:1, penalti boýunça 4:3), şeýle hem 2024/2025 möwsüminde-de ýaryşyň ýeňijisi boldy. Häzirki ýaryşyň umumy tapgyrynyň iki aýlawyndan soň Pariž kluby 6 utuk toplap, ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär, «Barselona» hem 6 utuk bilen ikinji orunda ýerleşýär.

Bäsdeşleriň ikisi hem häzire çenli ýokary netije görkezip gelýär: «PSŽ» Çempionlar ligasyna «Slowany» utmak bilen başlady (6:1), soňra myhmançylykda «Mançester Sitiden» üstün çykdy (4:2), «Barselona» bolsa «Feýenoordy» (5:1) we «Galatasaraýy» (4:1) ýeňdi. 

Ýeri gelende belläp geçsek, katalon kluby häzirki möwsümdäki her bir oýunda haýran galdyryjy netijeliligi görkezýär. Topar 11 oýunda 11 ýeňiş gazandy (48:11 umumy hasaby bilen, ýagny, her oýunda topar azyndan 4,3 gol salýar).

17-nji oktýabrda Fransiýada başlanan bidüzgünçilikler sebäpli «PSŽ» — «Barselona» oýnunyň geçirilmegi şübheli boldy. Ýurduň polisiýa kärdeşler arkalaşygynyň wekili bidüzgünçilikleriň gaýtalanyp bilmek töwekgelçiligi sebäpli, oýny yza süýşürmegi talap etdi. Ýöne Fransiýanyň içeri işler ministri muňa garşy çykyp, oýnuň bellenilen wagtda geçiriljekdigini nygtady.

Şeýle-de ertir Çempionlar ligasynyň 3-nji tapgyrynyň çäginde ýene bir gyzykly oýna garaşylýar. Mýunhende «Alýans Arena» stadionynda «Bawariýa» bilen «Arsenal» duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar.

«Bawariýa» 14 oýun bäri utulman gelýär we Germaniýanyň çempionatyndaky uly ýeňişleri bilen ýokary hüjüm kuwwatyny görkezýär. ÇL-iň ilkinji iki tapgyrynda topar «Budö-Glimti» uly hasap (5:0) bilen utdy, emma «Wiking» bilen deňme-deň oýnady (3:3).

«Arsenal» APL-de we Çempionlar ligasynda durnukly çykyşyny dowam etdirýär. Topar soňky üç oýunda ýeňiş gazandy. ÇL-de «Napoliden» (1:0) we «Lillden» (3:0) üstün çykdy.

Mýunhen kluby bilen London klubunyň arasynda geçirilen 17 duşuşykda «Bawariýa» 8 gezek, «Arsenal» 6 gezek ýeňiş gazandy, 3 gezek bolsa oýunlar deňme-deň netije bilen tamamlandy.

Toparlaryň ertirki düzümi barada aýtsak, «Bawariýada» diskwalifikasiýa sebäpli ýarymgoragçy Maýkl Olise, şikes sebäpli bolsa ýarymgoragçy Jamal Musiala oýnap bilmez. «Arsenalda» şikes sebäpli bejergi alýan goragçy Wilýam Salibanyň, hüjümçi Pero Inkapýeniň we winger Hristos Solisiň oýna gatnaşmagy sorag astynda galýar.

Duşuşyklaryň başlanýan wagty Aşgabat wagty bilen görkezildi. Iki gün hem ilkinji iki oýun sagat 21:45-de, galan oýunlar 00:00-da başlar.

20-nji oktýabr we 21-ne geçilýän gije:

  • «Sabah» — «Borussiýa» Dortmund — 21:45
    «Fenerbahçe» — «Slawiýa» Praga — 21:45
    «PSŽ» — «Barselona» — 00:00
    «Mançester Siti» — AEK Afiny — 00:00
    «Roma» — «Slowan» — 00:00
    «Ştutgart» — «Atletiko» Madrid — 00:00
    «Portu» — PSW Eýndhowen — 00:00
    «Liwerpul» — «Wilýarreal» — 00:00
    «Napoli» — «Budö-Glimt» — 00:00

21-nji oktýabr we 22-ne geçilýän gije:

  • «Lill» — «Galatasaraý» — 21:45
    «Komo» — «Mançester Ýunaýted» — 21:45
    «Bawariýa» — «Arsenal» — 00:00
    «Brýugge» — «Lans» — 00:00
    «Aston Willa» — «Wiking» — 00:00
    «Real» — «RB Leýpsig» — 00:00
    «Sporting» — «LASK» — 00:00
    «Betis» — «Feýenoord» — 00:00
    «Inter» — «Şahtýor» — 00:00