Erkekleriň syratlylygy boýunça geçirilen «Mister Global 2026» halkara bäsleşiginde 21 ýaşly türk ýigidi Dilhan Diwrikli ýeňiji boldy. Ol Tailandda, Bangkogyň golaýyndaky Nonthaburi şäherinde geçen jemleýji tapgyrda Nigeriýadan we Filippinlerden bolan bäsdeşlerinden üstün çykyp, baş tituly gazandy.
Ýeňiş üçin dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylar bäsleşdi. Olara diňe bir daş keşbi boýunça däl, eýsem özüne bolan ynamy, sahnada özüni alyp barşy we öz ýurduna wekilçilik etmek başarnygy boýunça baha berildi.

Dilhan Diwrikli Brýusselde ýaşaýar, ýöne onuň maşgalasy Türkiýäniň Afýonkarahisar welaýatynyň Emirdag etrabyndan. Ýaş ýigit dört dili suwara bilýär.
Täze «Mister Global» üçin bu ýeňiş model karýerasynda ilkinji üstünligi däl. Ozal ol «Top Model of Türkiye 2026» milli bäsleşiginde ýeňiji bolup, şondan soň ýurda halkara derejesinde wekilçilik etmäge mümkinçilik gazandy.
Indi model aktýorlyk kesbini özleşdirmäge ymtylýar.
«Mister Global» bäsleşigi 2014-nji ýyldan bäri geçirilýär.