Meşhur türk aýdymçysy we kino aktýor Murat Boz Türkmenistanda konsert bermegi meýilleşdirýär. Ol özüniň sosial torlardaky sahypasynda güýzki çykyşlarynyň tertipnamasyny paýlaşdy we onda Türkmenistan hem görkezilýär.
Tertipnama laýyklykda, aýdymçynyň bu ýerdäki konserti 9-njy we 10-njy oktýabra meýilleşdirildi. Ýöne häzirki wagtda konsertiň haýsy şäherlerde we nirede geçiriljekdigi barada maglumat berilmeýär. Bu babatda guramaçylardan hem häzirlikçe resmi habar ýok.

Murat Boz mundan ozal hem Türkmenistanda çykyş edipdi. Ol 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda Täze ýyl konsertini berdi.
Türkmenistandan başga-da, Murat Bozuň güýzki konsertleriniň tertibine Kiprde, Bakuwda geçiriljek çykyşlar, şeýle hem Türkiýäniň şäherlerindäki (Gaziantep, Diýarbakyr, Alaniýa, Antalýa we Adana) konsertler girýär.
Murat Boz häzirkizaman türk pop-sahnasynyň iň belli wekilleriniň biridir. Onuň meşhur aýdymlarynyň arasyndan «Aşkı Bulamam Ben», «Uçurum» we «Geri Dön» ýaly hitleri görkezmek bolar. Ol aýdym-saz karýerasyndan başga-da, filmdir seriallara düşmek bilen meşgullanýar we teleşüweleňlere gatnaşýar.
Ýatladyp geçsek, 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi meýilleşdirilýär. Ondan öň, 8-nji oktýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bolar. Sammite taýýarlyk görülýän we onuň geçirilýän günlerinde Awazada birnäçe halkara forumlaryň we medeni çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.