17-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurduň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, migrasiýa ulgamynda durmuşa geçirilýän möhüm işler, abraýly halkara guramalar we olaryň düzümleri bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk hem-de bu ugurda toplanan oňyn tejribeler barada bellenildi.
Taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini maslahatlaşyp, yzygiderli iş duşuşyklarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de onuň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin täsirli guraldygyny nygtady. Şeýle hem migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, ileri tutulýan ugurlary we halkara guramalaryň çägindäki özara gatnaşyklaryň orny barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň barha giňeýändigini belläp, migrasiýa babatda gatnaşyklary has-da ösdürmek ugrunda degişli işleriň dowam etdiriljekdigini tassyklady.