Kalabriýada 50 jaý mugt paýlanýar. Hökümet, hatda olaryň abatlaýyş işleri üçin çykdajylary hem tölär

Şu gün, 18:032,936
1 / 9

Italiýanyň Kalabriýa sebitiniň häkimiýetleri täze ýaşaýjylary çekmek we ilatyň azalmagynyň öňüni almak maksady bilen «La Calabria ti regala la casa» («Kalabriýa saňa jaý sowgat berýär») atly maksatnamany işe girizýär. Taslamanyň çäklerinde 26 sany kiçi şäherçedäki 50 jaý täze ýaşaýjylara on ýyla çenli möhlet bilen mugt ulanmaga berler. Bu barada Daily Mail neşiri habar berýär.

Italiýada giňden ýaýran «1 ýewro üçin jaý» maksatnamasyndan tapawutlylykda, bu taslama gatnaşýanlar könelen jaýlary öz hasabyna abatlamaly bolmaz. Sebitiň häkimiýetleri abatlaýyş işleri üçin 20 million ýewro möçberinde serişde bölüp berdi.

Bu jaýlaryň täze ýaşaýjylary ony öz eýeçiligine geçirip bilmezler. Gozgalmaýan emläk on ýyllyk möhlet bilen, mugt ulanmak baradaky şertnama esasynda berilýär. Bu möhlet tamamlanandan soň, jaýlaryň ykbaly barada entek gutarnykly çözgüt kabul edilmedi.

Bu maksatnama Kalabriýanyň çäginden azyndan üç ýyl bäri daşynda ýaşaýan, 18 ýaşdan uly dalaşgärler gatnaşyp biler. Olar Kalabriýa hemişelik ýaşamak üçin göçüp barmaly bolarlar. Bu emlägi syýahatçylyk maksatly kärendesine bermek ýa-da gaýtadan kireýine bermek üçin ulanmak gadagandyr.

Jaýlar ilaty 5 müň adamdan az bolan kiçi şäherlerde we obalarda ýerleşýär. Teklipleriň arasynda orta asyrlardan galan ilatly ýerleriň taryhy merkezlerindäki öýler, bag-bakjaly jaýlar we daglara bakyp duran ýaşaýyş jaýlary bar.

Jaý paýlanyşygynda daşary ýurtlardan gaýdyp gelýän italýanlara, ýaş maşgalalara, çagalaryny ýeke terbiýeleýän ene-atalara, uzak aralykdan işleýänlere, medeniýet ulgamynyň wekillerine, senetçilere we maýyp adamlara artykmaçlyk berler.

Maksatnama ilatyň azalmagy bilen baglylykda kabul edildi. Soňky on ýylyň dowamynda Kalabriýanyň ilaty 6,4 göterim azaldy. Bu Italiýanyň sebitleriniň arasynda iň pes görkeziji boldy. Deňeşdirip aýtsak, şol döwürde Lombardiýanyň ilaty 1,1 göterim artdy.

Kalabriýanyň häkimiýetleri ozal hem şuňa meňzeş çäreleri durmuşa geçiripdi. 2021-nji ýylda sebit az ilatly obalara göçüp gelýänlere 28 müň ýewro çenli maliýe kömegini bermegi wada berdi. 2026-njy ýylda bolsa ýaşlaryň ýurduň demirgazygyna göçmeginiň öňüni almak maksady bilen, ýerli uniwersitetlerde okaýan talyplara her aý 1 müň ýewro töläp başlady.