Meta Facebook zerarly Italiýa €805 million jerime tölär

Şu gün, 12:02709

Italiýanyň şahsy maglumatlary goramak boýunça gözegçilik edarasy Android ulgamyny ulanyjylaryň suratlaryna we wideolaryna elýeterlilik alýan Facebook sosial ulgamy üçin Meta kompaniýasyna 805 million ýewro jerime saldy.

Gürrüň 2023-nji ýyldan bäri elýeterli bolan «Facebook ulanylanda öz galereýaňdan teklipleri almak» funksiýasy barada barýar. Ol ulanyjynyň surat we wideo galereýasynyň mazmunyny seljerip, oňa sosial ulgamda paýlaşmak üçin materiallary teklip edýär.

Gözegçilik edarasy Facebook ulgamynyň birnäçe funksiýa üçin birbada ulanylýan umumy rugsat arkaly ulanyjylaryň galereýasyna hemişelik elýeterlilik alandygyny anyklady. Edaranyň pikirine görä, ulanyjylara bu rugsadyň enjamdaky ähli suratlara we wideolara elýeterlilik açýandygy ýeterlik derejede düşündirilmändir.

Italiýanyň gözegçilik edarasynyň bahalandyrmagyna görä, bu düzgün bozulma ýurtda Android ulgamy bilen işleýän, takmynan, 20 million ulanyja täsir edip biler.

Şeýle hem Meta funksiýanyň işini üýtgetmek tabşyryldy. Indi kompaniýa funksiýanyň maksadyny aýdyňlaşdyrmak bilen, ulanyjydan aýratyn rugsat soralmaly we ol başlangyç ýagdaýda öçürilen bolmaly. Bu eýýäm galereýa elýeterlilik rugsadyny beren ulanyjylar babatda hem şeýledir.

Gözegçilik edarasy jerimäniň möçberiniň ýokary bolmagyny ejir çekip biljek ulanyjylaryň sanynyň köplügi bilen düşündirdi. Kompaniýanyň derňew işleri bilen çäkli derejede hyzmatdaşlyk etmegi hem jerimäni agyrlaşdyrýan ýagdaý hökmünde görkezildi.