Italiýanyň iň gadymy çakyr zawodlarynyň biri bolan Marchesi Antinori ammaryndan jemi bahasy bäş million ýewro töweregi bolan 30 müň çüýşe çakyryň ogurlandygyny mälim etdi. Financial Times gazetiniň habar bermegine görä, bu diňe bir Italiýanyň däl, eýsem, dünýäniň taryhynda çüýşeleriň sany we bahasy boýunça iň uly ogurlyk bolup biler.
Marchesi Antinori zawody 1385-nji ýylda esaslandyrylyp, onuň merkezi edarasy Florensiýada ýerleşýär. Zawod önümini 170 ýurda eksport edýär. 2025-nji ýylda onuň girdejisi 263 million ýewro boldy.
Ogurlyk 4-nji oktýabra geçilen gije kompaniýanyň Kortonadaky ammarynda boldy. Ýüzi nykaply ýedi adam duýduryjyny öçürip, iki ýük ulagynda Tignanello, Solaia we Guado al Tasso çakyrlary salnan gutulary alyp gitdiler. Şol wagt zawod gymmat bahaly çakyrlarynyň uly bölegini daşary ýurt müşderilerine ugratmaga taýýarlanýardy.
Bu önümiň bir çüýşesiniň bölek satuw bahasy, adatça, 150-500 ýewro aralygynda üýtgeýär. Talaňçylyk wideogözegçilik kameralaryna düşüpdir. Polisiýa bolan waka boýunça derňew işlerini alyp barýar, ýöne entek ogrular ele salynmady.
«Biz henizem çakyrdan umydymyzy üzemzok, çünki iki ulag ýüküň gürüm-jürüm bolmagy mümkin zat däl. Bu çakyrlar örän gymmat bahaly bolup, men olary dünýäniň dürli künjegine, ünsi çekmezden, nädip satyp boljakdygyny hem göz öňüne getirip bilemok» diýip, Marchesi Antinori-niň baş direktory Renso Kotarella aýtdy.
Soňky aýlarda jenaýatçylar gönüden-göni çakyr zawodlaryny nyşana aldylar. Mundan öň, Banfi di Montalcino Pýemontdaky ammaryndan 3000 çüýşe Alta Langa çakyrynyň ogurlanandygyny habar beripdi. Sentýabr aýynda ogrular üç sagadyň içinde Conterno Fantino çakyr zawodyndan ýene 3000 çüýşe Barolo çakyryny ogurladylar.
Ozal Italiýada şeýle ogurlyklar, köplenç, Michelin ýyldyzly restoranlarda we çakyr saklanýan baý ýerzemin ammarlarynda bolýardy.