Rimde gadymy dünýäniň iň uly diwar mozaikasy ilkinji gezek köpçülige görkezildi. Ol Kolizeýiň golaýyndaky Oppiý baýryndaky Traýanyň termalarynyň ýerasty galereýasynda ýerleşýär.
«Ylham perisi we pelsepeçi» atly monumental mozaikanyň beýikligi, takmynan, 15 metre ýetýär. Onda sütünler, dürli binagärlik bezegleri, heýkeller, ylham perileri, Apollon we sakgally pelsepeçi şekillendirilipdir. Ýakynda geçirilen dikeldiş işleri wagtynda arheologlar mozaikanyň aşaky böleginde port şäheriniň jikme-jik şekillendirilen täze bir bölegini hem ýüze çykardy.
Onuň gapdalynda «Suratlandyrylan şäher» atly diwar freskasy ýerleşýär. Onda deňiz kenaryndaky, diwarlar bilen gurşalan şäher ýokardan alnan görnüşde şekillendirilipdir. Şäherde diňler, teatr we beýleki binalar görünýär. Alymlar onuň anyk haýsy şäheri şekillendirýändigini häzirlikçe kesgitläp bilmedi.
Imperator Traýanyň termalary biziň eýýamymyzyň 109-njy ýylynda gurlupdyr. Alty gektardan gowrak meýdany eýelän bu terma şol döwürde dünýäniň iň uly hammam toplumy bolupdyr. Ol Neronyň köşgüniň ýerinde gurlupdyr.
Rimiň medeni mirasy goramak müdirliginiň ýolbaşçysy Klaudio Parizi Presiççeniň bellemegine görä, freskada şekillendirilen şäheriň, hakykatdan-da, bolandygy tassyklansa, bu tapyndynyň taryhy ähmiýeti has-da artar.
Häzirlikçe ýadygärliklere giriş çäkli we synag görnüşinde amala aşyrylýar. Dynç günleri bu ýerde 15 adama çenli toparlar üçin gezelençler geçiriler. Şeýle etmek bilen, hünärmenler näzik sungat eserleriniň çyglylygyň üýtgemegine nähili täsir edýändigini barlamak isleýär.