Türkiýede 7 müňden gowrak gadymy artefaktyň ýurtdan bikanun çykarylmagynyň öňi alyndy

Şu gün, 11:591,168
1 / 4

Türkiýäniň gümrük gulluklary ýurtdan 7 müňden gowrak gadymy tapyndyny, şol sanda teňňeleri, ýüzükleri we peýkam uçlaryny bikanun çykarmak synanyşyklarynyň öňüni aldy.

AZERTAJ agentliginiň habar bermegine görä, amallar Gresiýa we Bolgariýa bilen serhetde ýerleşýän «Ipsala» hem-de «Kapykule» serhet geçelgelerinde geçirildi. Tapylan zatlaryň ählisi konfiskasiýa edildi. Kontrabanda bilen baglylykda jenaýat işleri gozgal­dy.

Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý ýurduň taryhy mirasyny gorap saklamaga goşan goşantlary üçin gümrük gullugynyň işgärlerine minnetdarlyk bildirdi.

«Topragymyzyň taryhy hakydasyny goramak ýurdumyzyň geljegine goşant goşmakdyr» diýip, ministr nygtady.

Şeýle hem ol dürli ýyllarda Türkiýeden bikanun çykarylan gadymy tapyndylary yzyna gaýtarmak boýunça alnyp barylýan işleriň hem möhümdigini belläp geçdi.