Müsürde faraon Ramses II-niň ägirt granit kellesi tapyldy

15.10.2026, 21:355,926
1 / 2

Müsürdäki Behbeýt-el-Hagar obasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri möhüm tapyndynyň üstünden eltdi: arheologlar, çaklamalara görä, faraon Ramses II-ä bagyşlanan iki sany ägirt heýkeliň böleklerini tapdy diýip, «Heritage Daily» neşiri ýazýar.

Gyssagly gazuw-agtaryş işleri ýerli ýaşaýjynyň öz öýüniň ýanynda ýazgyly gadymy daş bölegini görmegi we gadymy ýadygärlikleri goramak baradaky inspeksiýa ýüz tutmagy bilen başlandy. Seljerme artefaktyň gymmatyny tassyklady, şondan soň bu ýere Müsüriň gadymy ýadygärlikleriň işleri boýunça Ýokary geňeşiniň topary geldi.

Esasy açyş uzynlygy 1,6 metr bolan ägirt granit kelle boldy. Hünärmenleriň baha bermegine görä, tutuş heýkeliň beýikligi 8,5 metre ýeten bolmagy ähtimal. Hökümdar Ýokary we Aşaky Müsüriň birleşmegini aňladýan goşa pşent täjinde şekillendirilipdir. Onuň ýanynda patyşa häkimiýetiniň howandary bolan Gor hudaýynyň ady ýazylan direg sütüniniň bir bölegi hem tapyldy.

Uzak bolmadyk ýerde ýene bir heýkeliň 2,4 metrlik bölegi gazylyp alyndy, ol ýerde faraon däp bolan patyşa ýaglygynda — nemesde şekillendirilipdir. Ondan bir metr uzaklykda Ramses II-ni «Ýokary we Aşaky Müsüriň patyşasy» hem-de «Ra ogly» diýip wasp edýän ýazgylary bolan gülgüne granit bölegi ýatan eken.

Biziň eýýamymyzdan öňki XIII asyrda Müsüre 67 ýyl ýolbaşçylyk eden Ramses II taryha iň kuwwatly hökümdarlaryň biri hökmünde girdi. Öz dolandyran döwründe ol beýleki faraonlaryň islendik birinden hem köp ybadathana we binagärlik ýadygärliklerini gurdy, täze tapyndylar bolsa onuň mirasynyň gerimini ýene bir gezek tassyklaýar.