Müsürde dünýäniň ýedi täsinliginiň biriniň şekili bolan gadymy ýüzük tapyldy

Düýn, 09:045,934
1 / 3

Aleksandriýadaky suwa giden Antirodos adasynda arheologlar özboluşly bürünç möhür-ýüzügi tapdy. Onuň ýüzünde gadymy dünýäniň ýedi täsinliginiň biri bolan Aleksandriýa maýagynyň şekili oýulyp çekilipdir.

«The Art Newspaper» neşiriniň habar berşi ýaly, häzirki güne çenli bu şeýle suraty bolan ýeke-täk mälim ýüzükdir.

Tapyndy Frank Goddionyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa suwasty arheologiýasy institutynyň (IEASM) hünärmenleri tarapyndan gadymy döwürde patyşa kwartaly ýerleşen Uly duralganyň töwereginde ýüze çykaryldy. Gazuw-agtaryş işleriniň ýolbaşçysy tapyndynyň köşk toplumy bilen baglanyşygynyň bu ýeriň gurluşyna düşünmek üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Alym bu ýerde diňe bir hökümdar gatlagyň ýaşaýyş durmuşy bilen däl, eýsem administratiw dolandyryş, şol sanda maýagyň özüniň işi bilen baglanyşykly edaralaryň bolup bilendigini hem çaklaýar.

Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrligi bu açyşy üýtgeşik diýip atlandyrdy. Ýüzükdäki haşamyň görnüşi b. e. II asyryna degişli teňňelerdäki maýagyň suratlary bilen gabat gelýär, bu bolsa taryhçylara tapyndyny meşhur desganyň daşky keşbi baradaky beýleki subutnamalar bilen deňeşdirmäge kömek edýär.

Aleksandriýa maýagy öz wagtynda Faros adasynda ýerleşip, ýörite gämiler üçin ugur görkeziji bolup hyzmat edipdir we beýan edilişine görä, ägirt uly heýkel bilen bezelipdir. Ol XIV asyrda ýertitreme netijesinde ýumrulýança köp asyrlaryň dowamynda saklanypdyr.

Şeýle-de bolsa, hünärmenler gutarnykly netijelere gelmäge howlukmazlyga çagyrýar. Britan Kolumbiýasynyň uniwersitetiniň arheology Gektor Wilýams artefaktyň takyk döwrüni kesgitlemek we onuň ähmiýetine düşünmek üçin ýer gatlagyny we suwuň düýbünde ýüzügiň töwereginde ýatan predmetleri jikme-jik öwrenmegiň zerurdygyny belleýär.