Russiýanyň «Sber» maliýe-tehnologiýa konglomeraty Nikolaý Gogolyň meşhur poemasynyň dowamy bolan «Öli janlar. Ikinji tom. Täzeden döreýiş» atly dowamyny satuwa çykardy. Eseriň teksti «GigaChat» atly dil modeli tarapyndan döredildi.
Kitaby eýýäm internet arkaly sargyt edip bolýar. Ýakyn günlerde ol beýleki onlaýn söwda platformalarynda we Moskwanyň kitap öýünde satuwa çykarylar, soňra bolsa ýurduň beýleki kitap dükanlaryna ýaýradylar.
Gogolyň özi «Öli janlar» eseriniň ikinji tomuny tamamlap bilmändi. Ýazyjy onuň üstünde köp ýyllap işlese-de, soňlugy bilen, çuňňur döredijilik we ruhy çökgünlige uçrady. Onuň islegi ikinji tomuň birinji bölümdäki kinaýany gaýtalamagy däl-de, gahrymanlaryň ahlak taýdan özgerişini, nogsanlyklardan ruhy täzelenişe tarap ýol geçişlerini görkezmekdi. Arman, ýazyja bu maksadyny amala aşyrmak eýgertmedi.
Gogol eseri birnäçe gezek täzedenem ýazdy. Ýöne 1852-nji ýylyň fewralynda, ölmezinden az wagt öňinçä, ikinji tomuň saklanyp galan golýazmasynyň tas hemmesini diýen ýaly ýok etdi. Ondan diňe käbir baplar we bölekler galdy.

1887-nji ýylda suratkeş Mihail Klodt tarapyndan çekilen «Öli janlaryň soňy (Gogol golýazmalaryny ýakýar)» atly surat
«Sber-iň» bu taslamasynyň üstünde taryhçylardan, edebiýatçylardan, dilçilerden we inženerlerden ybarat topar bir ýyldan gowrak wagtlap işledi. «GigaChat» Gogolyň eserleriniň doly ýygyndysy, hatlary, garalamalary we bellik depderçeleri esasynda, şeýle hem Aleksandr Puşkiniň eserleri bilen birlikde başga ýazyjylaryň kitaplary arkaly okadyldy. Modele okadylan kitaplaryň arasynda, näme üçindir, Fýodor Dostoýewskiniň we Iwan Turgenewiň eserleri hem goşulypdyr (olar öz eserleriniň aglabasyny Gogol aradan çykanyndan soň döretdi).
«GigaChat» okuw döwründe filosofik we Injile degişli ýazgylardan, şeýle hem ýazyjynyň döredijiliginde möhüm orun eýelän nakgaşlyk baradaky maglumatlardan hem peýdalandy.
Taýýar bolan tekst 11 görkeziji boýunça bahalandyryldy. Olaryň arasynda söz baýlygy, könelişen sözleriň we Gogola mahsus neologizmleriň ulanylyşy, uzyn sintaktik sözlem gurluşlary, grotesk, kinaýaly söhbetleriň hem-de beýan ediji awtoryň gatnaşygy bar.
Taslamanyň awtorlary döredilen teksti, elbetde, Gogolyň öz ýazany diýip kabul edip bolmajakdygyny, ýöne onuň mümkin boldugyndan ýazyjynyň beýan ediş usulyna görä guralandygyny belleýärler.
Kitapda «GigaChat» tarapyndan döredilen 21 sany surat hem ýerleşdirildi. Olaryň çeperçilik usuly Gogol aýatdaka «Öli janlaryň» birinji tomuny bezän Aleksandr Aginiň işlerine esaslanýar.
Taslamanyň esalandyryjysy we çeper ýolbaşçysy ýazyjy Wladislaw Otroşenko, soňky tekstiň redaktory bolsa Ýekaterina Manoýlo boldy.
Bu taslama «Sber-iň» medeni miras bilen baglanyşykly geçirýän tejribeleriniň nobatdakysydyr. Olaryň hatarynda Pýotr I-niň golýazmalaryny kesgitlemek, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ýitirilen surat eserlerini dikeltmek we Pýotr Çaýkowskiniň tamamlanmadyk «Mandragora» operasyny täzeden dikeltmek ýaly işler hem bar.