Jeýms Bonduň keşbini indiki filmlerde Robert Pattinsonyň döretjekdigi baradaky habar Beýik Britaniýanyň Patyşa maşgalasyny hem biparh goýmady.
Britan monarhynyň sosial torlardaky resmi sahypalarynda meşhur jansyzyň keşbini janlandyrjak aktýora gutlag sözleri çap edildi:
«Onuň Alyhezretleriniň Gizlin gullugyna hoş geldiňiz, jenap Bond!»
Aslynda, Patyşa maşgalasy ýarym asyrdan gowrak wagt bäri Jeýms Bond baradaky filmler toplumyny goldap gelýär. Olar 1967-nji ýyldan başlap, bu filmleriň premýeralarynyň birini-de sypdyrman gatnaşýarlar, hatda uly gyzyklanma bilen filmiň surata düşürilýän meýdançalaryna-da baryp görýärler.

2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy üçin taýýarlanan wideoda Ýelizaweta II-niň özi hem Jeýms Bonduň keşbindäki Daniel Kreýg bilen bile peýda bolupdy. Şonda ol özüniň ýoň bolan «Agşamyňyz haýyrly bolsun, jenap Bond!» diýen sözlerini aýdypdy. Soňra Kreýg patyşalyk maşgalasy tarapyndan Keramatly Maýkl we Keramatly Georgiý ordeni bilen sylaglandy. Ian Flemingiň kitaplarynda beýan edilişine görä, bu ordeniň eýesi bolmak hut Bonduň özüne-de nesip edipdir.

Jeýms Bond baradaky öňki 25 filmiň hemmesi Ýelizaweta II-niň hökümdarlyk eden döwründe ekrana çykdy. Häzirki wagta çenli Daniel Kreýgiň Bonduň keşbinde surata düşen iň soňky «Ölmegiň wagty däl» (No Time to Die) filmi 2021-nji ýylyň sentýabrynda görkezilipdi.
Robert Pattinsonyň özi-de Bonduň keşbi üçin saýlanandygyna begenjini gizlemeýär. Ol bu hakdaky teswirinde özüne 007 belgili jansyzyň keşbiniň ynanylmagyny hormat hasaplaýandygyny we munuň köpden bäri edip gelen arzuwydygyny belledi.