«Entek gurbat bar»: Şwarsenegger öz meşhur rollaryny gaýtadan janlandyrmaga taýýarlanýar

Düýn, 13:565,071
1 / 3

Arnold Şwarsenegger özüniň meşhur keşpleriniň ençemesine täzeden dolanmaga taýýarlyk görýändigini tassyklady. Aktýoryň aýtmagyna görä, ol «Ýyrtyjy» (Predator, 1987), «Kommandos» (Commando, 1985) we «Wagşy Konan» (Conan the Barbarian, 1982) filmleriniň täze bölümleriniň ssenarilerine garaşýar.

Şwarseneggeriň sözlerine görä, bu taslamalaryň geljekki ykbaly hut ssenarilere bagly bolar:

«Ssenarileri okamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, sebäbi filmiň esasy wakalary hut şolarda beýan edilýär. Kagyzda ýazylmadyk zat filmde-de bolmaz. Şonuň üçin ssenarileriň gutarnykly görnüşine garaşýaryn, ondan soň bolsa surata düşüriliş işlerine başlarys».

Şwarseneggeriň öňki «Ýyrtyjy» filminde janlandyran gahrymany Datçyň täze filmde hem peýda bolmak ähtimallygy bar. «Olja» (Prey, 2022) we «Ýyrtyjy: Ganhorlaryň ganhory» (Predator: Killer of Killers, 2025) filmleriniň režissýory Den Trahtenberg bu taslama barada aktýor bilen eýýäm maslahatlaşdy.

«Kommandos 2» (Commando 2) filminde Şwarsenegger ýörite maksatly harby toparlaryň öňki esgeri Jon Metriksiň keşbini täzeden janlandyrmaga taýýarlanýar. 20th Century Studios kinostudiýasy oňa ssenariniň ilkinji taslamasyny eýýäm gowşurdy.

Wagşy hakyndaky üçünji film «Patyşa Konan» (King Conan) diýlip atlandyryldy we onuň ssenarisi hem-de režissýorlyk işleri Kristofer Makkuorä ynanyldy. Şwarseneggeriň aýtmagyna görä, film Konanyň kyrk ýyllyk hökümdarlygy we öz patyşalygyndan sürgün edilmegi barada gürrüň berýär. Aktýor geljekki taslamany Klint Istwudyň «Bagyşlanmadyk» (Unforgiven, 1992) atly «Oskar» baýragyna mynasyp bolan filmi bilen deňeşdirdi. Şeýle-de ol tomaşaçylara öňküsinden has garran we gurby gaçan gahrymanyň başdan geçirýän düýbünden başgaça wakalarynyň garaşýandygyny aýtdy. Filmiň surata düşüriliş işleri 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär.