Jennifer Eniston, Riz Wizerspun, Kris Pratt we Silwestr Stallone häzirki zaman seriallarynyň iň köp hak tölenýän aktýorlarynyň hataryna girdi. «Variety» neşiriniň maglumatyna görä, olar her bölüm üçin, takmynan, 2 million dollar alýar.
Reýtingiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:
Jennifer Eniston — «Säher şüweleňi» («The Morning Show»), $2 mln;
Riz Wizerspun — «Säher şüweleňi» («The Morning Show»), $2 mln;
Kris Pratt — «Ölmelileriň sanawy» («The Terminal List»), $2 mln;
Silwestr Stallone — «Talsa şasy» («Tulsa King»), $2 mln;
Kennet Brana — «Lerd» («Laird»), $1,4 mln;
Harrison Ford — «Terapiýa» («Shrinking»), $1,3 mln;
Jeýson Sigel — «Terapiýa» («Shrinking»), $1,3 mln;
Kelli Raýlli — «Dattonlaryň mülki» («The Dutton Ranch»), $1,2 mln;
Koul Hauzer — «Dattonlaryň mülki» («The Dutton Ranch»), $1,2 mln;
Elizabet Moss — «Şöhle saçýanlar» («Shining Girls»), $1,1 mln.
Sanawa Zendeýa («Eýforiýa»), Selena Gomes («Bir binadaky ölüm»), Alan Ritçson («Riçer»), Nikolas Keýj («Nuar Möý»), Jeýk Jillenhol («Bigünälik prezumpsiýasy») we Robert De Niro («Nolunjy gün») hem girdi. Olaryň gonorarlary her bölüm üçin, takmynan, 1 million dollar möçberinde bahalandyrylýar. Şunuň bilen birlikde, «Variety» sanawyň doly däldigini, görkezilen mukdarlaryň bolsa çen-takmyndygyny belleýär. Käbir ýagdaýlarda aktýorlar prodýuserlik töleglerini we beýleki bonuslary hem alýar.
Bellemeli ýeri, heniz 2019-njy ýylda Jennifer Eniston «Säher şüweleňi» serialy üçin her bölüme, takmynan, 1 million dollar alýardy.