Pol Makkartni milliarder boldy

Düýn, 15:394,774

Britaniýaly sazanda, «The Beatles» toparynyň liderleriniň biri ser Pol Makkartni resmi taýdan dollar milliarderleriniň hataryna goşuldy. «Forbes» žurnalynyň bahalandyrmagyna görä, 84 ýaşly sungat işgäriniň baýlygy 1,4 milliard dollara ýetdi.

Indi Makkartni dünýäniň iň baý sazandalarynyň sanawynda baýlygy 2,8 milliard dollar bolan repçi Jay-Z-den we takmynan, 2 milliard dollar baýlygy bolan aýdymçy Teýlor Swiftden soň üçünji orny eýeleýär.

«Forbes» neşiriniň maglumatlaryna görä, sazandanyň esasy girdeji çeşmeleri aýdymlaryna awtorlyk hukugy, dünýä boýunça konsert saparlary, intellektual eýeçilige maýa goýumlary, şeýle hem sungat eserleriniň ýygyndysy we gozgalmaýan emläkleridir.

Makkartniniň esasy aktiwleriniň biri 1969-njy ýylda esaslandyran «MPL Communications» neşirýat kompaniýasydyr. Ol dürli awtorlaryň döreden eserlerini hem goşmak bilen, müňlerçe saz eserine degişli hukuklary dolandyrýar. Hünärmenleriň bahalandyrmagyna görä, kompaniýanyň gymmaty azyndan 250 million dollara barabardyr.

Soňky onýyllyklarda geçirilen uly konsert saparlary hem sazanda ep-esli girdeji getirdi.

Mundan ozal Makkartni beren interwýusynda döredijilik bilen täjirçilik üstünliginiň hemişe sazlaşykly utgaşandygyny aýdypdy. Onuň üçin saz döretmek musallat däl-de, eýsem, henizem lezzet bilen ýerine ýeriýän söýgüli pişesidir.