Aşgabatda DJ bilen orkestri birleşdirýän «Symphony Beats» konserti geçiriler

05.11.2026, 19:131,719
1 / 2

13-nji noýabrda Aşgabatdaky «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Symphony Beats» konserti geçiriler.

Konsert maksatnamasy iki dürli saz dünýäsini birleşdirip, elektron sazyň dinamiki ritmleri bilen simfoniki orkestriň ajaýyp owazyny utgaşdyrar. 

Dirižýor Guwanç Saparalyýew bolar. Onuň ýolbaşçylygynda orkestr dürli ýyllaryň meşhur aýdymlaryny täze formatda ýaňlandyrar.

Janly ses we joşgunly ruh tomaşaçylara ýatdan çykmajak duýgulary bagyş eder. Bu taslamanyň maksady dürli nesilleriň sazlaryny birleşdirmekdir.

Konsert sagat 19:00-da başlar.

Agşamyň guramaçysy hökmünde SHAMMÉYA Event Architecture guramasy çykyş edýär.

Giňişleýin maglumat almak we petek satyn almak üçin +99365628119 we +99365035320 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz.