Nýu-Ýorkda aýdymçy Harri Staýlzyň hormatyna baýramçylyk güni yglan edildi

Düýn, 20:021,355

Nýu-Ýorkuň Manhetten etrabynda 30-njy oktýabr resmi taýdan britaniýaly aýdymçy Harri Staýlza bagyşlanan gün diýlip yglan edildi. Bu barada Rolling Stone žurnaly etrabyň ýolbaşçysy Bred Hoýlman-Sigalyň beýanatyna salgylanyp habar berdi.

Baýramçylyk aýdymçynyň awgust aýynyň ahyryndan bäri geçirýän 30 çykyşdan ybarat konsertler tapgyrynyň tamamlanmagyna gabatlanyldy. Hoýlman-Sigalyň aýtmagyna görä, bu sene Staýlzyň aýdym-saz dünýäsine goşandyny we Nýu-Ýorkuň meşhur sahnalarynyň birinde döredilen «ýatdan çykmajak ýatlamalary» bellemek maksady bilen saýlanypdyr.

Ol aýdymçyny täsirli we çeper mazmunly aýdymlary arkaly onlarça million muşdagyň söýgüsini gazanan zehinli sazanda hökmünde häsiýetlendirdi.

Hoýlman-Sigal şeýle hem Staýlzyň Angliýadaky çörekhanada ýarym günlük işgärden, dünýäniň iň iri sahnalarynda çykyş edýän dünýä ýyldyzy derejesine çenli ýol geçendigini belledi.

Soňky ýyllarda Staýlz Nýu-Ýorka ýygy-ýygydan barýar. Ol 2018-nji ýylda «Madison Square Garden» arenasynda iki, 2021-nji ýylda bäş, 2022-nji ýylda bolsa 15 konsert berdi. Soňky konsert tapgyrynyň dowamynda aýdymçyny Brukliniň we Manhetteniň köçelerinde hem ýygy-ýygydan görmek bolýardy. Ol häli-şindi kofehanalara baryp, muşdaklary bilen söhbetdeş bolýar.

Staýlzyň çykyş edýän günlerinde şäheriň köçeleri ýelekli şarf (boa) dakynan muşdaklardan dolýar. Bu esbap aýdymçynyň muşdaklarynyň iň tanalýan aýratynlyklarynyň birine öwrüldi.