Nýu-Ýorkuň Manhettendäki Hell’s Kitchen etrapçasynda ýerleşýän Ledi Gaganyň öňki ýaşan penthausy satuwa çykaryldy. Iki gatly apartamentleriň bahasy 7 million dollar diýip, Robber Report habar berýär.
Aýdymçydan başga-da, bu öýde dürli ýyllarda basketbolçylar Karmelo Entoni we Amare Stademaýr, şeýle hem komik Treýsi Morgan dagy ýaşapdyr.
Penthaus Maýkl Jeksonyň, Madonnanyň, Brýus Springstiniň, The Rolling Stones-yň we Jon Lennonyň ýazgy eden öňki Hit Factory ses studiýasynyň üçeginde ýerleşýär.

Penthaus C diýlip atlandyrylýan rezidensiýa 54-nji Günbatar köçesinde ýerleşýän binanyň ýokarky iki gatyny eýeleýär. Onuň meýdany, takmynan, 344 inedördül metre, hususy terrasasynyň meýdany bolsa 102 inedördül metre deň. Onda üç sany ýatylýan otag, dördünji ýatylýan otag hökmünde ulanylyp bilinjek aýnalanan iş otagy, üç sany hammam otagy we aýratyn hajathana bar.
Beýikligi 3,5 metr bolan giňiş myhman otagynda mermer diwar peji hem-de dik penjireler bar. Ýokarky gatda bolsa üçegi penjireli, geýim saklanýan we mermer hammam otaglary bolan esasy ýatylýan otag ýerleşýär.

Jaýyň artykmaçlyklarynyň biri hem şähere we Gudzon derýasyna çykýan terrasasydyr. Şeýle-de onuň bahasyna ýörite penthausa berkidilen awtoduralga girýär. Ýaşaýjylar üçin konsýerž hyzmaty, sport zal we ammarlar göz öňünde tutulandyr.
Kadastr ýazgylaryna laýyklykda, apartamentler soňky gezek 2018-nji ýylda 6,1 million dollara satuwa çykarylypdyr.